Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bendilikden prezidentlige: Japarow Gyrgyzystanyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi

Bary-ýogy üç aý töweregi mundan ozal adam ogurlamakda günäkärlenip, türmede oturan Sadyr Japarow aý başynda gazanan uly ýeňşinden soň, Gyrgyzystanyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.


Koronawirus aladalary sebäpli, sada geçirilen inaugurasiýa dabarasynda 52 ýaşly Japarow 28-nji ýanwarda Gyrgyz döwlet filarmoniýasynda kasam kabul etdi.


Gyrgyzystan oktýabr parlament saýlawlaryndan bäri krizisi başdan geçirdi. Saýlawlar hökümeti agdaran we şol wagtky prezident Sooronbaý Jeenbekowyň wezipeden çekilmegine getiren protestlere ýol açdy. Munuň bilen ýurtda 2005-nji ýyldan bäri üçünji gezek gyrgyz prezidenti we hökümeti protestler bilen wezipeden çetledildi.


Japarow hem tolgunyşyk wagty protestçiler tarapyndan türmeden azat edilen belli-meşhur syýasatçylaryň hataryndady. Ol 2013-nji ýylyň oktýabrynda demirgazyk-gündogar Gyrgyzystanda bir magdançylyk işine garşy bildirilen protest wagty adam ogurlamakda günä bildirilip, 10 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilipdi.


Ol özüne bildirilen günäni tutanýerli ret etdi.


10-njy ýanwar saýlawlarynda sesleriň 79 göterimine eýe bolan Japarow prezident wezipesine kasam kabul edip, ähli syýasy toparlary, şol sanda öz garşydaşlaryny, etniki toparlary, hökümete degişli bolmadyk guramalary hem-de dini guramalary birleşmäge we ýurduň geljegi üçin bilelikde işlemäge çagyrdy.


Japarow özüniň “köpugurly” daşary syýasata ygrarly galjakdygyny hem-de özüniň ýurda ýolbaşçylyk etjek döwründe Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ýurduň esasy partnýorlary boljakdygyny nygtady.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus