Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan TI-niň korrupsiýa indeksinde dünýäde 165-nji orunda

“Transparency International” halkara aç-açanlyk guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň ýagdaýy boýunça 2020-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.


Türkmenistan korrupsiýada 100-den 16 bal alyp, “Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebitinde iň yzdaky orny eýeledi.


Gurama Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda koronawirus pandemiýasynyň “giň ýaýran korrupsiýa” üns çekendigini aýtdy.


Hasabat sebitde “awtoritar hem-de korrumpirlenen liderleriň” pandemiýa döwründe hökümet harçlamalaryna gözegçilik mümkinçiliklerini gysandyklaryny we raýat azatlyklaryny çäklendirendiklerini aýdýar.


Sebitiň käbir syýasy liderleri “krizisi öz häkimiýetlerini berkitmek, onsuz hem çäkli maglumat elýeterliligini has-da çäklendirmek, döwlet satyn alyş düzgünlerine degişli talaplary aradan aýyrmak hem-de köpçüligiň öňünde hasap bermek mehanizmlerinden ýüz döndermek üçin ulandylar” diýip, düýbi Berlinde ýerleşýän korrupsiýa garşy gurama 28-nji ýanwarda çap eden hasabatynda aýtdy.


Munuň netijesinde, hasabata görä, pandemiýa döwründe daşary ýurt hemaýatyna gözegçilik etmäge degişli aç-açanlyk gowşady.


Hasabatda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Täjigistan 25 bal bilen 149-njy orunda, Özbegistan 26 bal bilen 146-njy orunda ýerleşdirildi. Öňki sowet ýurtlaryndan Gürjüstan, Ermenistan we Belarus “Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa” sebitinde iň öňdäki orunlary eýelediler. Olar degişlilikde 45-nji, 60-njy we 63-nji orny aldylar.


Türkmenistan halkara guramalaryň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna yzdaky orunlary eýeleýär, ýöne synçylar korrupsiýa garşy göreşmekde Türkmenistanda möhüm öňegidişligiň göze ilmeýändigini aýdýarlar.


Türkmenistan 2019-njy ýylyň dekabrynda Jenaýat kodeksine täze üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, korrupsiýada aýyplanyp ýyl kesilen ýokary wezipeli döwlet emeldarlarynyň we korrupsiýa gatnaşan döwlet gullukçylarynyň günäsini geçmezlik kararyna geldi.


Ýurtda “korrupsiýa garşy göreş” diýilýäniň çäginde köp mukdarda para almakda aýyplanýan resmiler wagtal-wagtal eli gandally döwlet telewideniýesinde “toba edýän görnüşde” görkezilýär. Olar jenaýat jogapkärçiligine çekilip, türme tussaglygyna höküm edilýärler.


Türkmenistanda 2017-nji ýylyň iýunynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy esaslandyryldy. Bu gulluk 2019-ny ýylyň ýanwarynda Içeri işler ministrligine berkidildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus