Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Russiýada Nawalnynyň goldawyna geçirilen protestlerde 2 müňden aşa adam saklandy (WIDEO)

Orsýetde demonstrantlaryň uly mähellesi Germaniýada Nowiçok zäherlenmesinden bejergi alyp gelenden soň tussag edilen kreml tankytçysy we oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň boşadylmagyny talap etmek üçin, aldajy sowuga hem polisiýanyň berk çäre görmek haýbatlaryna garamazdan, 23-nji ýanwarda proteste çykdylar.


Munuň soňky ýyllaryň dowamynda Russiýada hökümete garşy geçirilen iň uly protest bolandygy bellenilýär.


Protestleriň dowamynda 2 müňden hem aşa adamyň saklanandygy habar berilýär.


Polisiýa işgärleri demonstrantlary dargatmak üçin güýç ulandylar.


Ilkinji ýörişler Sibirde we Uzak Gündogarda başlanyp, Habarowskde, Wladiwostokda we beýleki şäherlerde, berk howpsuzlyk çärelerine garaman geçirildi.


Polisiýanyň işine gözegçilik edýän OVD-Info topary ir sagat onlarda onlarça adamyň tussag edilendigini, tussag edilenleriň käbiriniň häkimiýetler tarapyndan ýenjilýändigini habar berdi.


Wladiwostokda düşürilen wideoda ýörite eşik geýen polisiýa işgärleriniň uly mähellä öwrülen demonstrantlary dargatmak üçin taýak ulanýandygy görünýär.


Uzak Gündogaryň Ýakutsk şäherinde demonstrantlar, güýçli ýele we minus 50 gradus temperatura garamazdan, protest bildirmek üçin köçelere çykdy.


Adatça iň uly ýygnanyşyklaryň geçirilýän Moskwada demonstrantlar Puşkin meýdançasynda duşuşdylar.


Protestleriň öňüsyrasynda häkimiýetler Nawalny ýaranlaryny tussag etdiler we sosial media platformalaryna adamlary "rugsat berilmedik" ýörişlere gatnaşmaga çagyrýan ýazgylaryny aýyrmak ýa-da agyr jerime tölemek bilen ýüzbe-ýüz bolmak duýduryşyny berdiler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus