Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Soňky ýyllaryň iň uly protestlerinde Nawalnyny goldanlaryň müňlerçesi tussag edildi

Rus häkimiýetleri 23-nji ýanwarda ýurduň çar künjeginde kreml tankytçysy we oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň boşadylmagyny talap edip, soňky ýyllarda gurnalan iň uly anti-hökümet protestlerine gatnaşan adamlary basyp ýatyrmak üçin berk çäreleri gördi we 3000-den gowrak adamy tussag etdi.


Zäherlenenden soň bejergi alan we bir hepde öň, Germaniýadan gaýdyp gelen badyna tussag edilen Nawalnynyň çagyryşyna seslenen onlarça müň adam häkimiýetlere öz nägieleliklerini bildirmek we onuň boşadylmagyny talap etmek üçin köçelere çykdy.


Waşington we Brýussel protestçileriň tussag edilmegini we olara garşy güýç ulanylmagyny ýazgaryp çykyş etdi.


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs Nawalnynyň tussag edilmegini we onuň tarapdarlaryna edilýän basyşlary "raýat jemgyýetiniň we esasy azatlyklaryň mundan beýläk hem çäklendiriljeginiň aladalandyryjy alamatlary" hökmünde häsiýetlendirdi.


Praýs rus häkimiýetlerini tussag edilenleriň ählisini boşatmaga çagyrdy we ABŞ-nyň Nawalnynyň derrew we hiç bir şert goýmazdan boşadylmagy baradaky talabyny gaýtalady.


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell hem bu wakalara alada bildirdi we Twitterde "giň gerimli tutda-baslyklardan” we "aşa artykmaç güýç ulanylmagyndan" hopugandygyny aýtdy. “Bileleşigiň daşary işler ministrleri 25-nji ýanwarda "indiki görülmeli çäreleri" maslahatlaşar” diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Kanada hem bu ýagdaýdan alada bildirdi we Moskwany tussag edilenleri derrew boşatmaga çagyrdy.


Syýasy tutda-baslyklara gözegçilik edýän OVD-Maglumat topary rus polisiýasynyň 23-nji ýanwarda tutuş ýurt boýunça ygtyýar berilmedik protestlere gatnaşan 3,296 adamy, şol sanda Moskwada 1,274 adamy tussag edendigini aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus