Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etdi

Jo Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Munuň bilen Donald Trampyň 4 ýyllyk prezidentlik möhleti tamamlandy.


78 ýaşly Baýden prezidentlik kasamyny 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň Kapitol binasynda geçirilen dabarada kabul etdi.


Tramp innagurasiýa dabarasyna gatnaşmady. Ol 152 ýylyň içinde Kapitolda nobatdaky prezidentiň kasam ediş dabarasyna gatnaşmadyk ilkinji prezident boldy. Dabara wise-prezident Maýk Pense gatnaşdy.


Baýden 19-njy asyrdan bäri maşgalasynda saklanylýan Injiliň üstünde kasam getirdi. Ol bu Injilde 2009-njy we 2013-nji ýyllarda wise-prezident hökmünde hem kasam kabul edipdi.


56 ýaşly Kamala Harris ilkinji aýal hem-de ilkinji akýagyz bolmadyk aýal hökmünde wise-prezident wezipesine kasam kabul etdi.


Adatça, ýüzlerçe müň tarapdar prezidentiň kasam kabul edişini eşitmek üçin Kapitolyň golaýynda ýygnanyşýar, köpler dabaranyň golaýyndaky giň TW ekranlarynda oňa tomaşa edýär.


Ýöne, Kapitola edilen hüjümden soň, häkimiýetler ötegçi tomaşaçylaryň dabaranyň geçirilýän ýerine barmagynyň öňüni almak üçin 25 müň Milli gwardiýa esgerini işe çekdi, hem-de howpsuzlyk diwarlaryny galdyrdy.


Ýöne zorlukly üýşmeleňiň Kapitola kürsäp girmeginden ozal hem, pandemiýa sebäpli, hem-de wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çärä köp adam üýşürmekden gaça durmak, inagurasiýany az adamly geçirmek göz öňünde tutulýardy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus