Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Lebapda täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji ýanwarda Lebap sebitine sapar edip, Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


TDH bu ýerde baýramçylyk ýagdaýynyň emele gelendigini, prezidentiiň dikuçarynyň täze desganyň öňündäki meýdançada gonandygyny we Ministrler kabinetiniň agzalary, Mejlisiň başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi tarapyndan mübäreklenendigini habar berýär.


Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desganyň «A» we «B» önümçilik sehleri bolup, «A» sehiniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden ybarat; «B» sehi bolsa, «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny «Malaý – Bagtyýarlyk» gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenen, desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjam oturdyldy diýip, habarda aýdylýar.


Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär, onuň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny dörär.


Dabarada prezidentden soň “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýan hem çykyp gürledi.


TDH häzire çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan Ýuwaş ummanyň kenaryna çenli iberilen tebigy gazyň möçberiniň 290 milliard kub metre barabar bolandygyny belleýär, ýöne ol gazyň satyş bahasyny anyklaşdyrmaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus