Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Fransuz prokuraturasy Sarkoziniň Russiýadan alan puluny barlaýar

Fransiýanyň milli maliýe prokuraturasy 5-nji gün Orsýetiň ätiýaçlandyryş kompaniýasy “Reso-Garantia” bilen baglaşan 3 million ýewrolyk şertnamasy bilen baglylykda  öňki prezident Nikolas Sarkozi babatynda deslapky derňewiň başlanandygyny tassyk etdi.


Bu iş "söwda täsiri" we pul ýuwmak baradaky şübheler esasynda derňelýär. 


Bu maglumat fransuz metbugatynda - Mediapart we Le Monde neşirlerinde habar berildi. 


Mediapartyň maglumatyna görä, bu derňew 2020-nji ýylyň tomsunda, maliýe aňtaw gullugy prokuraturanyň ünsüni öňki prezidentiň rus kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna gönükdirenden soň başlandy we şindi hem dowam edýär.


Nikolas Sarkozi 2020-nji ýylyň başynda, bir ýyl ozal gol çekilen we 3 million ýewro möçberinde konsultasiýa hyzmatlary bolan şertnamanyň çäginde 500 müň ýewro töleg aldy. 


“Reso-Garantianyň”  egindeş eýeleri Sergeý we Nikolaý Sarkisowlar Mediapartyň soraglaryna jogap berip, Sarkozini “ýörite geňeşçi” we kompaniýanyň maslahat geňeşiniň başlygy edip işe alandyklaryny tassyk etdi.


"Adalat ulgamy öňki döwlet baştutanynyň diňe geňeşçi hökmünde, ýagny doly kanun esasynda çykyş edendigini  ýa-da rus oligarhlarynyň bähbitlerini gorap, jenaýatçylykly lobbistlige gatnaşyp-gatnaşmandygyny  anyklamak isleýär" diýip,  Mediapart ýazýar. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus