Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

TH: Türkmenistanda dermanlaryň bahasy bir ýylda 30% ýokarlandy

Türkmenistanda dermanlaryň we azyk harytlarynyň bahalary, manadyň hümmeti we daşary ýurt walýutalarynyň gara bazar bahalary, eksport edilýän önümleriň möçberi we olara harçlanýan döwlet serişdeleri barada yzygiderli maglumat çap edýän adam hukuklary neşiri geçen ýyl bu ýurtda derman serişdeleriniň bahasynyň 30 göterim ýokarlanandygyny habar berýär.


“Türkmenistanyň Hronikasynyň” 15-nji ýanwarda çap eden maglumatyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde dermanlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy biraz haýallady.


Has anygy, iýun-sentýabr aýlarynda dermanlaryň bahasy ortaça 16% ýokarlanan bolsa, ýylyň soňky üç aýyndaky baha ýokarlanmasy 2% boldy.


Şol bir wagtda neşir, umuman alanyňda, 2020-nji ýylda derman serişdeleriniň bahalarynyň 30% ýokarlanandygyny we dermanhanalardaky nobatlaryň “ýitendigini”, hatda bu ýere ýüz örtüklerini we antiseptikleri almak üçin gelýänleriň ýokdugyny belläp, soňky üç aýyň dowamynda käbir dermanlaryň bahalarynyň üýtgeýşi baradaky maglumatlary çap edýär.


Türkmen metbugaty ýurtda bahalaryň üýtgeýşi, işsizlik, ýaşaýyş minimumy, ilatyň sowat-düşünje derejesi barada anyk statistika maglumatlaryny çap etmeýär.


Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky otuz ýylda ilatyň aglaba köplüginiň ýyl-ýyldan garyp düşmegi, sowatsyzlygyň ösmegi netijesinde, obalarda we şäherlerde derdine em gözläp, palçylara, tebiplere we köne mazarystanlyklara barýan adam barha köpelýär. 

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus