Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Pakistan žurnalistlere garşy “ýigrenç kampaniýalaryny” bes etmäge çagyrylýar

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) Pakistanyň hökümetini iki iňlis neşirine garşy alnyp barylýan “ýigrenç we töhmet kampaniýasyndan” ýüz öwürmäge we ol neşirleriň žurnalistlerine haýbat atan adamlary jogapkärçilige çekmäge çagyrýar.


Soňky iki hepdäniň dowamynda müňlerçe internet ulanyjy BBC-niň we “The Independent” gazetiniň urdu dilindäki neşirlerini boýkot etmäge çagyrdy we olaryň žurnalistlerine haýbat atdy diýip, dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän guramanyň 14-nji ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylýar.


"Ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň buýrugy bilen işleýän trolllar tarapyndan gurnalan onlaýn ýigrenç kampaniýalary diňe bir metbugat azatlygyna howp salman, ölüm haýbatlary atylýan žurnalistler üçinem howply" diýip, guramanyň Aziýa-Ýuwaş okean sebitiniň başlygy Daniel Bastard aýtdy.


"Häkimiýetleri tankytlaýan adamlary gorkuzmak we dymdyrmak maksady bilen žurnalistleriň öldürilmegine çagyryş etmek düýbünden kabul ederliksizdir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Pakistan RSF-iň 2020-nji ýyldaky Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 145-nji ýerde durýar.


Pakistandaky we daşary ýurtlardaky metbugat gözegçileri Pakistanyň habar beriş serişdeleriniň,  žurnalistleriň yzarlanmagynyň, gorkuzylmagynyň 2018-nji ýylda, harbylaryň gatnaşmagynda galplaşdyrylan diýlen saýlawdan soň häkimiýet başyna gelen premýer-ministriň hökümeti işe başlaly bäri has güýçlendirilendigini aýdýarlar. Imran Han bu aýyplamalary ret etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus