Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Halkara günä geçiş guramasy Daglyk-Garabag konfliktiniň adam ýitgileriniň derňelmegini soraýar

Halkara günä geçiş guramasy Azerbaýjan bilen Ermenistany bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde gür asuda ilatly sebitlerde bolan soňky söweşlerde “nädogry we çem gelen ýaraglaryň” ulanylmagyny derhal derňemäge çagyrdy. Gurama şeýle zarbalaryň halkara hukuga gabat gelmeýändigini aýtdy.


Çaknyşygyň dowamynda iki tarapyň-da “giň meýdana täsir edýän” “halkara derejesinde gadagan edilen top oklaryny we beýleki partlaýjy ýaraglary ulanyp”, parahat ilaty nyşana alandygy barada “ýalana çykaryp bolmajak subutnamalara garamazdan”, taraplar munuň şeýledigini ret edýärler diýip, düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy gurama 13-nji ýanwarda beren hasabatynda aýtdy.


Halkara günä geçiş guramasy “Azerbaýjan we Ermenistan güýçleriniň parahat ilaty bikanun öldüren 18 zarbasyny” özüniň seljerendigini, hem-de Daglyk-Garabagyň içinde we töwereginde alty hepde dowam eden söweşleriň 10-njy noýabrda Moskwanyň töwellaçylygynda gazanylan ýaraşyk bilen soňuna çykylmagyndan soň, ozal “zarba urlan onlarça ýere” özüniň baryp görendigini aýtdy.


Topar 6 müňden gowrak adamyň başyna ýeten çaknyşykda 146 asuda raýatyň ölendigini aýtdy. Olaryň arasynda çagalar we uly ýaşly adamlar hem bar.


Günä geçiş guramasynyň hasabatyna görä, bu zarbalaryň sekiz sanysyny ermeni güýçleri amala aşyrdy. Olar Azerbaýjanyň obalaryna we şäherçelerine gönükdirildi. Hüjümleriň netijesinde 72 asuda raýat öldürildi.


Dokuz zarba Azerbaýjan güýçleri tarapyndan amala aşyryldy. Olar Daglyk-Garabagyň obalaryna we şäherçelerine, şeýle-de Ermenistanyň bir şäherçesine gönükdirildi. Hüjümlerde 11 asuda raýat öldürildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus