Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň araçylygynda Daglyk-Garabagdaky söweşleri tamamlamak boýunça ýaraşyga getiren ylalaşykdan iki aý geçen soň Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderlerini bir ýere jemläp, üçtaraplaýyn gepleşik geçirýär.
Kremliň maglumatyna görä, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 11-nji ýanwarda möhüm meseleler we şertnamanyň ýerine ýetirilişi barada pikir alşarlar.
"Zorlukdan ejir çeken giňişliklere ýardam bermek, söwda hem ulag aragatnaşygyny açmak we ösdürmek meselelerine aýratyn üns berler" - diýip, maglumatda aýdylýar we Putiniň iki lider bilen aýratyn duşuşjakdygy hem habar berilýär.
9-njy noýabrda baglaşylan ýaraşyk şertnamasyna laýyklykda Daglyk-Garabagyň bir bölegi we ermeniler tarapyndan 30 ýyl töweregi gözegçilik edilen ýedi etrap we onuň töwerekleri Azerbaýjanyň gözegçiliginiň astyna geçdi.
Ylalaşygyň köp jikme-jiklikleri, şol sanda Daglyk-Garabagyň soňky syýasy ýagdaýy, serhediň takyk çäkleri, iki tarapyň henizem dowam edýän harby garşylygy bilen bagly, şeýle-de ykdysady meselelere degişli detallar mälim edilmeýär.
Ermenistan uruş ýesirlerini çalyşmak bilen baglanyşykly dowam edýän dawa we Azerbaýjanyň liniýasynyň aňyrsynda ölen we dereksiz ýiten adamlary gözlemek bilen bagly ýagdaýlara-da gaharlanýar.