Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystanda Žaparow jebislige çagyrýar, synçylar onuň “doly adalatly bolmadyk” saýlawlarda ýeňendigini aýdýar

Gyrgyz milletçi syýasatçysy Sadyr Žaparow geçen hepdäniň aýagynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soňra, milli jebislige çagyrdy. Gözegçiler saýlawlar “doly adalatly” geçmese-de, ses berişlikde esasy azatlyklaryň “umuman sylanandygyny” aýtdylar.


Mundan birnäçe aý ozal Žaparow adam gaçakçylygynda aýyplanyp, türmede saklanýardy. Ol mundan üç aý ozal dawaly parlament saýlawlary netijesinde turan halk gozgalaňy netijesinde azat edilipdi.


10-njy ýanwarda geçen saýlawlarda dalaşgärler “aglaba açyk kampaniýa geçirip bilen bolsalar-da”,  kampaniýa “deň bolmadyk maliýe mümkinçiliklerine eýe bolan we administratiw resurslaryny kadaly ulanmadyk kandidat tarapyndan agdyklyk edildi. Bu deň bolmadyk şertleri döretdi” diýip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik we Adam hukuklary boýunça institutynyň, şeýle-de ÝHHG-niň Parlamentar Assambleýasynyň deslapky hasabatynda aýdylýar.


Sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde Žaparow sesleriň tas 79,2%-ni almagy başarypdyr.


Saýlawlarda 16 kandidat dalaş etdi. Žaparowdan soň Adakhan Madumarow gelýär. Ol sesleriň 6,7%-ni alypdyr.


Ses berişligiň dowamynda möhüm düzgün bozmalaryň bolandygy barada maglumat ýok. Emma Madumarow ses berişligiň irki netijeleriniň “hakykatdan bärden gaýdýandygyny” aýdyp, “adalaty kanuny ýollar bilen talap etjekdigini” aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus