Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad Türkmenistana barar

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili, ilçi Zalmaý Halilzad Owganystana, Pakistana, Katara we Türkmenistana ugrady diýip, “Orient” neşiri ABŞ-nyň Döwlet departamentine salgylanyp habar berýär.


Ýokary derejeli amerikan diplomatynyň sapary baradaky maglumat ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasynda çap edildi. Şu aralykda Halilzad sişenbe güni irden Kabula geldi we Owganystanyň tanymal harby we syýasy işgärlerinden biri Abdul Rasul Saýýaf bilen duşuşdy.


ABŞ-nyň Döwlet departamenti Halilzadyň Kabuldaky owgan liderleri bilen duşuşjakdygyny we ABŞ-nyň owgan halkyna we howpsuzlyk güýçlerine goldawyny tassyklajakdygyny aýtdy.


Saparyň dowamynda Halylilzadyň Owganystandaky parahatçylygy saklamaga kömek etjek sebit gatnaşyklaryna, söwdany we ösüşi giňeltmek meýilnamalaryna we taslamalaryna goldaw bermegi dowam etdirjekdigi bellenilýär.


"Ol Doha şäherinde iki sany owgan topary bilen duşuşar, olara goldaw berer we parahatçylyk prosesini çaltlaşdyrmak, zorlugyň we atyşygyň haýal etmän azaldylmagy,  syýasy ylalaşyk we häkimiýeti bölüşmek barada gysga wagtda şertnama gol çekilmegi üçin ABŞ-dan goldaw teklip eder” diýip,  Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus