Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Katarda parahatçylyk gepleşikleri dowam edýän wagty, Owganystanda ýurt boýunça ýowuzlyk artýar

“Talyban” bilen Kabul hökümeti tas ýigrimi ýyla çeken urşuň soňuna çykmak maksady bilen Katarda parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan başlaýan wagty, Owganystanda ýurt boýunça ganly söweşler möwjeýär.


Günorta Helmand welaýatynyň geňeş agzalaryna görä, 6-njy ýanwarda giç agşam welaýat paýtagty Laşkar Gahyň “Talyban” gözegçiligindäki eteginde  bir öýe edilen şübheli howa hüjüminde bäş asuda raýat öldürildi we başga-da azyndan dört adam ýaralandy.   


Welaýat häkimi Abdul Nabi Elham hüjümiň howa zarbasydygy ýa-da başga hüjümdigi heniz anyk däl diýdi.


Ýurduň başga künjeklerinde iki howpsuzlyk bazasyna garşy edilen hüjümlerde howpsuzlyk güýçleriniň 12 agzasynyň öldürilendigi habar berilýär.


Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.


Owganystanyň gepleşik geçiriji topary bilen “Talyban” 20 günlük arakesmeden soň, 6-njy ýanwarda Kataryň paýtagty Dohada parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan başlady.


Owganystanda dowam edýän zorlugyň we başly-baratlygyň arasynda sentýabrda başlanan gepleşiklerde heniz az öňe gidişlik gazanyldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus