Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň başlygyny çalyşdy

6-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onuň dowamynda Ýokary kazyýetiň başlygyny täzeledi we başga-da birnäçe prokurory wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.


Prezidentiň gol çeken permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Gylyçmyrat Hallyýew, başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Onuň täze wezipesi aýdylmaýar.


Şeýle-de, prezident howpsuzlyk mejlisinde eden çykyşynda Hallyýewe “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi” diýen hormatly adyň dakylandygyny aýtdy.


Prezidentiň permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Guwançmyrat Ussanepesow bellenildi we oňa ikinji hünär derejesi berildi.


Şeýle-de, howpsuzlyk mejlisinde Ahal welaýatynyň Sarhas etrabynyň prokurory Toýly Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. Sarahs etrabyna Şöhrat Taýew prokuror bellenildi. Saýat etrabynyň öňki prokurory Sähetdurdy Atajanow ygtyýarlyk möhletiniň dolmagy sebäpli wezipesinden boşadyldy.  


Prezident başga-da birnäçe prokurory wezipä belledi we wezipeden boşatdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus