Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan wekiliýeti “Talyban” bilen gepleşiklere dowam etdirmek üçin Katara barýar

Owgan hökümetiniň wekilleri Katarda “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirmek üçin Kabuldan ugrady.


Taraplar 20 günlük arakesmeden soň, 5-nji ýanwarda häkimiýeti paýlaşmak gepleşiklerine dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Arakesme ýurtda iki on ýyl töweregi dowam eden uruşlaryň soňuna çykmak tagallalaryna howp abandyrýan ýowuzlygyň we başly-baratlygyň arasynda berildi.


Owganara gepleşikler “Talyban” bilen Birleşen Ştatlarynyň ylalaşmagyndan tas ýedi aý soň, sentýabrda  başlady.


Taraplaryň gepleşiklerde möhüm prossesual meseleler boýunça ylalaşmagy üç aý töweregi wagt aldy. Bu ýagdaý gepleşikleri durnukly meseleler boýunça, şol sanda çetin ýaraşyk ylalaşygyny gazanmak ýaly ugurlarda has öňe alyp gitmäge ýol açdy.


Owgan hökümetiniň gepleşik geçiriji topary gepleşikleriň ikinji tapgyry üçin Kataryň paýtagty Doha ugramazdan ozal, ýurtda ylalaşyk prosesini alyp barýan geňeşiň başlygy Abdullah Abdullahyň sözlerine görä,  Milli ylalaşyk geňeşi gepleşikler üçin “anyk düzgünleri” mälim etdi.


Abdullah toparyň “parahatçylyk gün tertibini maslahat etmek bilen borçlanýandygyny” aýtdy.


“Talybanyň” Dohadaky syýasy edarasynyň metbugat sekretary Azatlyk Radiosyna özleriniň gepleşikleriň täze tapgyryna gatnaşmaga doly taýýardygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus