Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Respublikan senatorlaryň topary Baýdeniň ýeňşine garşy çykjagyny aýdýar

Tehasly Ted Kruzyň ýolbaşçylygyndaky respublikan senatorlaryň we saýlanan senatorlaryň topary geljek hepde Kongresde Saýlaw kollegiýasynyň netijeleri jemlenende, ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanan Jo Baýdeniň ýeňşini sorag astyna aljakdygyny aýdýar.


Bu ädim esasan simwoliki bolup, onuň Baýdeniň 20-nji ýanwarda işe girişmeginiň öňüni almagy tasdan mümkin däl. Ýöne bu amerikan saýlawçylarynyň erk-isleginiň aşagyny köwmek üçin edilýän görlüp-eşidilmedik tagalla bolup durýar.


2-nji ýanwarda eden beýanatlarynda aýdylanlary tassyklaýan subutnamalaryň ýokdugyna garamazdan, 11 respublikan senator "2020-nji ýyldaky saýlawlarda ýüze çykan galplyklar we bidüzgünçilikler baradaky aýyplamalar biziň ömrümizdäki aýyplamalaryň islendiginden ýokary" diýdi.


Prezident Donald Tramp bäsleşikde Baýdenden ýeňlendigini boýun almakdan ýüz öwürdi, saýlawyň “galplaşdyrylandygy” baradaky esassyz tassyklamalaryny gaýtalady we saýlaw netijelerine garşy göreşmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.


Kongresiň bilelikdäki mejlisinde Wekiller öýüniň 140-a golaý respublikan agzasynyň hem ştat ses sanalyşygyna garşy çykmagyna garaşylýar.


Baýdeniň metbugat sekretary Maýkl Gwin bu çäräni syýasy sahna atlandyrmak bilen, ret etdi.


"Bu hile saýlanan prezident Baýdeniň 20-nji ýanwarda kasam kabul etmeginiň öňüni almaz, bu esassyz talaplar Trampyň öz baş prokurory, onlarça kazyýet we iki partiýanyň saýlaw işgärleri tarapyndan bireýýäm gözden geçirildi we ret edildi" diýip, ol aýtdy.


Kongresde saýlaw netijelerine garşy çykmak baradaky karar respublikanlary iki bölýär, Senat köpçüliginiň lideri Miç Makkonnell öz partiýasyny bitarap saýlaw resmileriniň erkin we adalatly ses berişlik diýen netijesini ýatyrmaga synanyşmazlyga çagyrýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus