Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rumyniýadaky saýlawlarda sosialistler öňde barýar

Deslapky netijelere görä, Rumyniýanyň oppozision Sosial-demokratlary (PSD) ýurduň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Olara koronawirus pandemiýasyna garşy göreşýän dolandyryjy liberallardan nägile saýlawçylaryň sesleri hem goldaw berdi.


6-njy dekabrda geçirilen saýlawlarda berlen sesleriň 99%-niň sanalmagynyň netijesinde çepçi PSD partiýasy Deputatlar palatasynda 29,8%, Senatda 30,2% sese eýe boldy.


Merkezi saýlaw býurosynyň habaryna görä, Ýewropa tarapdar milli liberal partiýasynyň (PNL) Deputatlar palatasynda 25,1%, Senatda 25,5% sesi bar.


Şeýle-de bolsa, PSD-niň täze mejlisde ýaranlary ýetmezçilik eder we PNL-iň öňki lideri prezident Klaus Iohannis, partiýanyň hökümete gaýdyp gelmegine rugsat bermejekdigini aýtdy. Iohannisiň prezidentlik möhleti 2024-nji ýylda gutarýar.


USR-PLUS merkezçi bileleşik Deputatlar palatasynda 14,5%, Senatda 15% ses toplap, üçünji boldy.


Ses berişlik, korrupsiýa dawa-jenjelleri we köpçülikleýin nägilelikler sebäpli PNL partiýasynyň azlykdaky hökümetiniň PSD partiýasynyň hökümetini dargatmagyndan bir ýyldan gowrak wagt geçensoň geçirildi.


Premýer-ministr Lýudowik Orbanyň we prezident Klaus Iohannisiň ýolbaşçylygyndaky liberallar pandemiýa baradaky aladalary köşeşdirip, saýlawçylary köplük bolup ses berişlige barmaga çagyrdylar. Ýöne pandemiýadan gorkup, şeýle-de Rumyniýanyň syýasatçylaryndan lapykeç bolan rumynlaryň saýlawlara gatnaşyk derejesi bary-ýogy 32% barabar boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus