Gani Owganystana berilýän kömegiň azaldylmagynyň ‘uly kynçylyklara’ sebäp boljakdygyny duýdurdy
Gani 24-nji noýabrda eden çykyşynda halkara kömegi “diňe bir ösüş üçin däl, eýsem parahatçylyk üçin hem möhümdir” diýdi.
Ol bu baradaky çykyşyny onlarça ýurduň we guramanyň wekilleri uruş sebäpli heläkçilige uçran ýurt üçin Ženewada geçirilýän donor konferensiýasynyň ikinji we soňky gününde duşuşýan mahaly etdi.
Şahsy we onlaýn görnüşinde amala aşyrylýan Ženewa konferensiýasy Owganystanyň hökümeti bilen “Talyban” söweşijileriniň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň togtan, Owganystanda zorlugyň artmagynyň dowam edýän we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bu ýurtdaky ABŞ güýçlerini azaldýan mahalynda geçirilýär.
““Talyban” bilen syýasy ylalaşyk gazanylyp bilner. Ýöne girdejileriň ýaramazlaşmagy, hyzmatlaryň pese gaçmagy we işsizligiň ýokarlanmagy bilen, parahatçylygy nähili netijeli dowam etdirip boljakdygyny görmek kyn” diýip, Gani belledi.
Şeýle-de bu duşuşyk, Bütindünýä bankynyň habaryna görä, şu ýyl Owganystanyň ykdysadyýetiniň azyndan 5,5 göterim pese gaçmagyna garaşylýan mahalynda geçirilýär.