Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo ABŞ hökümetiniň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyny ýurt garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň feýsbuk sahypasynda habar berilýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistana sebitdäki durnuklylygy, howpsuzlygy we özara abadançylygy ösdürmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde baha berýär diýip, beýanatda aýdylýar.
Halkara jemgyýetçiliginiň COVID-19 pandemiýasynyň kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtynda, biz Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini goldamaga berk ygrarly bolmagymyzda galýarys diýip, ABŞ resmisi aýdýar.
Şeýle-de ol ABŞ-nyň gelýän ýyllarda ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gepleşikler, C5 + 1 diplomatik platformasy we ykdysady, bilim, adamlar arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokarlandyrylmagyna garaşýandygyny aýdýar.