Мы в Telegram
Добавить новость

Городские службы переведены на усиленный режим работы до 12 мая из-за праздников

«Воевал за Россию, получи...»: в Ростове-на-Дону толпа отморозков избила до полусмерти ветерана СВО

Посол Армении в ЕС Балоян: Попытки подорвать интересы России на Кавказе будут самоубийственными

Какую продукцию для активного отдыха в праздники ...

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Stambulda türkmenistanly bir aýal türk raýaty tarapyndan atylyp öldürildi

Stambulda türkmenistanly bir aýal türk raýaty tarapyndan atylyp öldürildi

Türkiýäniň Stambul şäherinde türkmenistanly bir aýal türk raýaty tarapyndan atylyp öldürildi. "Milliyet" neşiriniň habaryna görä, bu waka 28-nji awgustda sagat 23:00 töwereginde şäheriň Kartal etrabynyň Harman köçesindäki üç gatly binanyň birinji gatynda boldy.

"51 ýaşly Nejati Ýylmazyň (Necati Yılmaz) onuň bilen bir öýde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 35 ýaşly Arzu Gül Komekowany sapança bilen iki gezek ok atyp öldürendigi öňe sürülýär. Soňra Ýylmaz şol bir sapança bilen öz kellesine ok atyp, öz-özüni öldürýär" diýip, türk neşiri belleýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Ýylmazyň ogly kakasy bilen habarlaşyp bilmänsoň, mobil telefonyndan onuň öýündäki howpsuzlyk kamerasyny açýar we kakasynyň ýerde ýatandygyny görýär. Soňra ol bir dosty bilen kakasynyň öýüne gelýär we gulplanan gapyny açyp bilmänsoň, polisiýadan kömek soraýar.

"Wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa we saglyk işgärleri gulp ussasynyň kömegi bilen gapyny açdylar we jaýa girdiler. Olar Nejati Ýylmaz bilen Arzu Gül Komekowanyň ýerde ýatandygyny gördüler. Saglyk işgärleri Komekowanyň we Ýylmazyň ölendigini anykladylar" diýip, türk neşiri ýazýar.

Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri howpsuzlyk kamerasyny gözden geçirip, subutnamalary ýygnadylar. Ýylmazyň Komekowany öldürip, soňra özüni öldüren ýaragy hem ele salyndy. Derňewlerden soň, jesetler Kazyýet lukmançylyk institutynyň morguna äkidildi. Waka bilen baglanyşykly giň gerimli derňew işleri dowam edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Şol güni, 29-njy awgustda türk mediasynda türkmen raýatlary barada başga-da bir habar peýda boldy. Habarda Antalýa welaýatynyň Manawgat şäherçesinde galp amerikan dollary bilen söwda etmekde güman edilip, bäş türkmen raýatynyň tussag edilendigi aýdyldy.

"Haberler.com" neşirine gorä, Manawgat etrap polisiýa bölüminiň Neşe gaçakçylygyna garşy göreş we guramaçylykly jenaýat toparyna Aşagy Hisar (Aşağı Hisar) etrapçasyndaky üç dükanda galp dollar berip, söwda eden adamlar barada habar gowuşýar.

"Dükanlardaky howpsuzlyk kameralary gözden geçirilenden soň, wakany amala aşyran adamlar anyklaşdyryldy. Serik etrabyndaky şübhelileriň öýlerinde we ulaglarynda geçirilen gözleg işlerinde 30 sany 50 banknot görnüşinde 1500 galp amerikan dollary ele salyndy. Waka bilen ilteşikli Türkmenistanyň bäş raýaty - M.B., J.A., A.M., P.A. ve F.A. - tussag edildi" diýlip, habarda aýdylýar.

Şübhelilerden biri (A.M.) boşadylan mahaly, sud öňüne çykarylan başga bir türkmen raýaty (P.A.) tussag edildi. Şeýle-de, beýleki üç türkmenistanly hem kazyýet gözegçiliginde boşadyldy.

Azatlyk Radiosy bu iki waka barada Stambulyň Kartal we Antalýanyň Manawgat etrap polisiýa bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Belläp geçsek, bu Türkiýede türkmen raýatlarynyň öldürilmegi ýa-da olaryň galp pul işi bilen bagly tussag edilmegi barada soňky 10 günüň dowamynda çykan üçünji we dördünji habardyr.

23-nji awgustda Haberler.com neşiri Stambul şäheriniň Pendik etrabynda türkmenistanly bir aýaly palta bilen öldürmekde güman edilýän türkmen raýatynyň tussag edilendigini habar berdi.

Şondan bir gün öň, 22-nji awgustda Sondakika.com neşiri ýurduň Burdur şäherinde 17 müňden gowrak galp türk lirasynyň ele salynmagy bilen bagly tussag edilen alty adamdan biriniň Türkmenistanyň raýatydygyny mälim etdi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, işsizlik bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy. Türkiýe türkmen migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.

Türkiýäniň Göç edarasynyň iýulda çap eden maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu ýurda göçüp gelen daşary ýurtlularyň iň köp ikinji bölegini, 13,8 göterimini türkmenistanly migrantlar düzýär.

Türkmen hökümeti hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda daşary ýurtlara giden raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär. Ýurduň resmi metbugaty hem, türkmen raýatlary hakda daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar barada mesele gozgamaýar.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Новой Москве в лесу нашли человеческий скелет

Ефимов: Москвичи выкупили у города почти 450 участков со скидкой за четыре года

«Воевал за Россию, получи...»: в Ростове-на-Дону толпа отморозков избила до полусмерти ветерана СВО и его жену

Какую продукцию для активного отдыха в праздники ...

Музыкальные новости

Байден заявил о стремлении вернуть Гершковича и Уилана

Тема дня: На «Госуслугах» можно будет получить статус многодетной семьи с 2025 года

Частота страховых случаев по ОСАГО для такси в 6,6 раза выше, чем по полисам на другие легковые машины – ЦБ РФ

В аварийном доме в Забайкалье, которым интересовался Бастрыкин, заколотили подъезды

Новости России

«Спартак» не проиграл в 13-м дерби подряд

Ликсутов: Автобусный парк «Нагатино» начали переводить на электронные путевые листы для водителей

Вадиму Стукалову запретили выступать после МОТ

«Родиной не торгуем»: в МИД РФ отказались обменять активы на возврат новых регионов

Экология в России и мире

В День Медика пройдет премия в области здоровья The Medical Stars & Beauty Awards

«1418»: выставка секции «Арт-фото» ТСХР в зале «Лаврушинский`15»

За какими шедеврами едут в деревню Ковалёво Нижегородской области

Токсиколог Кутушов рассказал почему возникает похмелье

Спорт в России и мире

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000

Азаренко проиграла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Мадриде

Шикарный и практичный стиль Елены Джокович из базовых вещей

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде

Moscow.media

заканчиваеться неделя распродаж the week of sales ends

звезды шоу-бизнеса посетили весеннюю неделю моды estet fashion week

Мост в Лыткарино готовят к укладке асфальта

ВОЗ предупредила об увеличении в 2 раза смертности от лихорадки денге











Топ новостей на этот час

Rss.plus






«Воевал за Россию, получи...»: в Ростове-на-Дону толпа отморозков избила до полусмерти ветерана СВО

Городские службы переведены на усиленный режим работы до 12 мая из-за праздников

Когда в 2024 году Страстная неделя, церковные и народные традиции на этот период

«Воевал за Россию, получи...»: в Ростове-на-Дону толпа отморозков избила до полусмерти ветерана СВО и его жену