Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň galan taraplary Wenada duşuşýarlar

Eýran bilen dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň arasyndaky gowşaýan ýadro ylalaşygynyň galan taraplary 1-nji sentýabrda Wenada duşuşýar. Bu waka Birleşen Ştatlar Eýrana garşy BMG sanksiýalaryny gaýtadan girizmek we ýarag embargosynyň möhletini uzaltmak isleýän mahalyna gabat geldi.


Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyga ÝB-niň ýokary derejeli resmisi Helga-Mariýa Şmid (Helga-Maria Schmid) ýolbaşçylyk edýär.


Mundan iki ýyl gowrak ozal Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylda baglaşylan möhüm ylalaşykdan çykyp, şondan soň Eýrana garşy sanksiýalary gaýtadan güýje girizdi. Öz gezeginde Tähran hem ýadro işjeňligini kem-kemden güýçlendirýär.


Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Russiýa ylalaşygy halas etmek üçin göreşýär. Bu ylalaşyga laýyklykda, Tähranyň öz ýadro programmasyndan el çekmeginiň öwezine, oňa garşy girizilen halkara sanksiýalary gowşadylypdy.


Geçen hepde Eýran BMG-niň ýadro gözegçilik guramasynyň inspektorlarynyň 2000-nji ýyllaryň başynda ýadro işleriniň geçirilendigi güman edilýän iki desga baryp görmegine rugsat bermäge ylalaşdy.


Düýbi Wenada ýerleşýän global gözegçilik guramasy Eýran resmilerini bu iki ýere girilmegine rugsat bermeýändigi üçin hem-de ol ýerde mümkin bolan deklarasiýa edilmedik ýadro materiallary we ýadro işleri bilen baglanyşykly soraglara jogap bermeýändigi üçin tankytlapdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus