Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belaruslylar “ýarag göteren” awtoritar Lukaşenka garşy ýene bir köpçülikleýin protest geçirýärler

Onlarça müň belarus raýaty paýtagtyň merkezine ýygnanyp, uzak wagtlap ýurdy dolandyrýan awtoritar prezident 66 ýaşly Aleksandr Lukaşenkanyň doglan güni protest geçirip, onuň wezipeden çekilmegini talap etdi.


Protestçiler Lukaşenka garşylygyň simwoly bolan gyzyl we ak reňkli baýdaklary göterip, Içeri işler ministrliginiň ýygnanyşmazlyk baradaky ozalky talabyna üns bermän, 30-njy awgustda Minskiň Garaşsyzlyk meýdançasyna tarap ýöriş geçirdi.


Prezident köşgüniň daşyna ýygnananlar "doglan günüň gutly bolsun, alaka" we "git" diýip gygyrdylar. Lukaşenka geçen hepdede demonstrantlary “alakalar” diýip häsiýetlendirdi.


Köpüsi Lukaşenka garşy dürli alamatlary göterýärdi, bir topar gara tabyt alyp bardy.


"Belapan" habar agentligi Minskdäki demonstrantlaryň sanyny 100 000-den gowrak diýip habar etdi.


Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, gozgalaňlara garşy ýörite polisiýa protestçileriň şäheriň birnäçe sebitinde öňüni böwetledi we Garaşsyzlyk meýdançasynyň golaýynda hem başga ýerlerde azyndan 125 demonstranty tussag etdi. Birnäçe harby ulag Minske getirilip, prezidentiň rezidensiýasynyň golaýynda saklandy.


Saýlaw komissiýasy Lukaşenkanyň 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde täze alty ýyllyk möhlete hukuk gazanandygyny öňe sürenden soň, Belarusda üç hepde dowam eden protestlere getirdi, iş taşlaýyşlar yglan edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus