Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tihanouskaýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenmegi planlaşdyrýar

Belarusyň prezidenti wezipesine dalaş eden Swýatlana Tsihanouskaýa şu hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip, uzak wagtlap ýurdy dolandyrýan awtoritar prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň "galp" saýlawlardan soň işinden aýrylmagyny talap edip, birnäçe hepde dowam edýän halk nägilelikleriniň dowamynda çykyş eder.


Tsihanouskaýanyň egindeşlerine görä, ol Howpsuzlyk Geňeşine 4-nji sentýabrda edaranyň hemişelik däl agzasy Estoniýanyň çakylygy boýunça wideo aragatnaşyk arkaly ýüzlener.


Şeýle-de, Swýatlana Tsihanouskaýa dört günden Ýewropa Geňeşinde çykyş eder diýip, onuň metbugat wekili aýtdy.


Tsihanouskaýa 9-njy awgustda Belarusda geçirilen saýlawda prezidentlige kandidat bolup gatnaşdy we tarapdarlaryna görä, ýeňiş gazandy.


Belarusyň saýlaw edaralary Lukaşenkanyň ýeňendigini yglan edenden soň, Tsihanouskaýa goňşy Litwa gitdi.


1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan Lukaşenkanyň ýeňiji yglan edilmegi ýurtda 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri iň uly protestlere getirdi.


Litwanyň prezidenti Gitanas Nauseda 31-nji awgustda eden çykyşynda öz ýurdunyň, Baltika goňşulary Latwiýa we Estoniýa bilen bilelikde 30-a golaý belarus resmisine, şol sanda Lukaşenka garşy syýahat sanksiýalaryny yglan edip, Belarusda saýlaw düzgünleriniň bozulmagyna we demonstrantlara garşy zorluga jogap berjekdigini yglan etdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus