Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp Baýdeni Amerikanyň beýikligine abanýan 'çepçi howp' atlandyrýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Respublikan partiýanyň ikinji möhlete dalaşgär görkezmegini kabul etmek bilen, Demokratik partiýany we prezidentlige dalaşgär Jo Baýdeni Amerikan arzuwyna howp salýan radikal çepçiler hökmünde tankyt etdi.


Ol Respublikan milli konwensiýanyň soňunda, 27-nji awgustda Ak tamyň daşyndaky uly sahnada eden çykyşynda eger-de saýlansa, Baýden “Amerikanyň beýikligini ýok eder” diýdi. 


Tramp öz administrasiýasynyň “soňky dört ýyly Jo Baýdeniň senator we wise-prezident hökmünde ýetiren zyýanyny düzetmeklige sarp edendigini” aýtdy we indi Tramp administrasiýasynyň gazananlarynyň ählisiniň “howp astyna düşýändigini” nygtady.


Demokratlar “Amerikany ýer ýüzündäki iň erkin, adalatly we adatdan daşary ýurt hökmünde görmeýär. Muňa derek, olar ony öz günäleri üçin jezalandyrylmaly bozuk döwlet hasaplaýarlar” diýip, Tramp aýtdy.


Tramp jynsparazlyk we koronawirus pandemiýasy  baradaky  milli çemeleşmä degip geçip, ýurdy esasan iki meseläniň aljyradýandygyny, Baýdeniň afrikaly amerikalylaryň polisiýa tarapyndan atylmagy sebäpli turan jyns dawasyny hasam güýçlendirjekdigini aýtdy.


“Donald Trampyň ýazgarýan zorluk hadysalarynyň ählisi onuň öz gözegçiliginde  bolup geçdi. Onuň ýolbaşçylygy astynda boldy. Onuň öz prezidentlik döwründe boldy” diýip, Baýden twitterde bu aýyplama bada-bat jogap gaýtardy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus