Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gaaganyň halkara kazylary Mladiçiň genosid baradaky şikaýat arzasyny diňläp başlady

25-nji awgustda Gaagadaky halkara kazylar bosniýaly serbleriň harby komandiri Ratko Mladiçiň Srebrenisa gyrgynçylygy bilen bagly genosid we beýleki uruş jenaýatlary sebäpli ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegine garşy şikaýat arzasyny diňläp başladylar.


Iki gün dowam etjek diňlenişik, 78 ýaşly öňki generalyň içegesindäki zyýansyz polipi aýyrmak üçin operasiýa zerurlygy we soňra-da koronawirus pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi.


“Bosniýanyň gassaby” diýlip hem atlandyrylýan Mladiç 1990-njy ýyllarda Bosniýa raýat urşundaky roly üçin genosidde, adamzada garşy jenaýatlary we uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda günäli tapylyp, 2017-nji ýylda ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.


Bu jenaýatlar Mladiçiň bosniýaly serb güýçleriniň 1995-nji ýylyň ortalarynda Bosniýanyň gündogaryndaky kiçi şäherde, ýagny  Srebrenisada amala aşyran genosidini hem öz içine alýar. Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropada amala aşyrylan iň erbet köpçülikleýin öldürilme diýlip atlandyrylýan bu wakada 8000 töweregi musulman erkek we oglan öldürilipdi.


26-njy awgustda Mladiçiň 10 minutlap kazyýetde çykyş etmegine rugsat berler. Onuň sud zalyna geljekdigi ýa-da Gollandiýanyň Şewingenen şäherindäki tussaghanadan wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşjakdygy heniz belli däl.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus