Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Germaniýa koronawirus töwekgelçiligini öwrenmek üçin köpçülikleýin konsert geçirdi

Germaniýanyň alymlary ýapyk binalarda geçirilýän uly çärelerde koronawirusyň ýokuşma howpuny öwrenmek üçin ýurduň gündogaryndaky Leipzig şäherinde üç sany estrada konsertini guradylar.


Nemes estrada aýdymçysy Tim Bendzkonyň 22-nji awgustda geçiren üç aýry konsertine gatnaşyjylaryň hemmesinde, bu barlaga gatnaşmak üçin, negatiw COVID-19 synag netijesi bolmalydy.




Tomaşaçylar "Leipzig Arena" konsert zalyna gelenlerinde temperatura barlagyndan geçdiler.


Gatnaşanlaryň ählisi ýokary goragly FFP2 ýüz maskalaryny, şeýle-de olaryň meýdançadaky hereketlerini yzarlaýan elektron enjamlaryny geýmeli edildi.


"Biz konsertiň dowamynda gatnaşyjylaryň biri-biri bilen nä derejede aragatnaşyk saklaýandyklaryny öwrenmek isleýäris - bu entek-de düşnüksiz" diýip, Halle şäherindäki uniwersitet keselhanasynyň derňewine ýolbaşçylyk edýän Stefan Moritz aýtdy.


Barlagçylar floresan dezinfeksiýa serişdelerini paýlamak we ultramelewşe lampalaryny ulanmak arkaly, konserte gatnaşýanlaryň haýsy ýerlere eli bilen has köp degendigini synlap bildiler.


Koronawirusyň howadan nädip hereket edýändigi barada dowam edýän jedelleriň arasynda, barlagçylar wirusy göterip bilýän howadaky kiçijik bölejikleriň, ýagny aerozollaryň hereketini hem yzarladylar.


Barlagçylar töwekgelçiligi azaltmagyň ýollaryny deňeşdirmek üçin konsertlerde üç ssenariýany durmuşa geçirdiler.




Birinji ssenariýa pandemiýadan öňki konsertlere meňzeýärdi. Şol bir wagtda, ikinji ssenariýada konserte gatnaşyjylar saglyk we howpsuzlyk düzgünlerine eýerdiler.


Üçünji konserte biri-birinden 1,5 metr uzaklykda ýerleşýän çäkli mukdarda tomaşaçy gatnaşdy.


Barlagçylar konserte 4200 meýletinçini çekmek isleýärdi, ýöne oňa göz öňünde tutulan meýletinçiniň diňe üçden bir bölegi gatnaşdy.


Bu barlag kesellemek töwekgelçiliginden gaça durmak bilen bir wagtda, konsertlere we beýleki uly çärelere täzeden başlamaga rugsat edilip-edilmejekdigini görkezmegi maksat edinýär. Ýurtlaryň köpüsi, şol sanda Germaniýa wirusyň ýaýramazlygy üçin uly göwrümli çäreleriň geçirilmegini gadagan etdi.


"Bularyň hemmesi subutnama esaslanýan çemeleşmäni kabul etmek bilen baglanyşykly" diýip, Halle uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň dekany Maýkl Gekle aýtdy.


"Kimdir biri şuňa meňzeş çärede nähili töwekgelçiligiň bardygyny sorasa, hiç kim bilenok" diýip, Gekle belledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus