Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tihanowskaýanyň aklawçysy Belarusyň Ýokary suduna prezident saýlawy barada şikaýat arzasyny gowşurdy

Daşary ýurtda galýan Belarus oppozisiýa dalaşgäri Swetlana Tihanowskaýa öz watandaşlarynyň prezident Aleksandr Lukaşenkanyň dowamly ýolbaşçylygyny "hiç wagt kabul etmejekdigini" aýdyp, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy resmi şikaýat etdi.


Lukaşenka saýlawda aglaba köplügiň goldawyny alyp, altynjy möhlete hem prezident saýlanandygyny aýdanyndan soň, tutuş ýurt boýunça protestler we iş taşlaýyşlar başlandy.


13 gün bäri nägilelik ýörişlerine çykýan adamlar saýlawlaryň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny öňe sürýärler. Bu protestler Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşynda ýüzbe-ýüz bolan iň kyn synagy boldy.


"Prezidente özgerişligiň zerurdygy aýdyň bolan bolmaly. Men sagdyn pikiriň üstün çykjakdygyna, adamlaryň diýýän zatlaryna gulak asyljakdygyna we täze saýlawyň geçiriljekdigine umyt baglaýaryn” diýip, Tihanowskaýa 21-nji awgustda, özüne we maşgalasyna belarus häkimiýetleri tarapyndan haýbat atylandygy barada çykan habarlar arasynda Belarusy terk edeli bäri gurnan ilkinji metbugat ýygnagynda aýtdy.


Şeýle-de ol Wilniýusdaky žurnalistleriň ýurduna haçan gaýdyp barjagy barada beren soraglaryna Belarusa diňe "özüni howpsuz duýan ýagdaýynda" dolanmagy planlaşdyrýandygyny aýdyp jogap berdi.


Tihanowskaýanyň aklawçysy Maksim Znak 21-nji awgustda Belarusyň Ýokary suduna saýlawyň bikanun hasaplanmagyny talap edip, şikaýat arzasyny gowşurdy. “Şikaýat arzasy gowşuryldy. Sud seljerişliginiň haçan başlanjakdygy baradaky karar üç gün içinde kabul edilmeli” diýip, oppozisiýanyň utgaşdyryjy geňeşiniň öňdebaryjy agzasy Znak aýtdy.


Znak we Utgaşdyryjy geňeşiň başga bir agzasy Sarheý Dyleuski şol gün irden Derňew komitetiniň baş edarasyna soraga çagyryldy. Belarus häkimiýetleri Utgaşdyryjy geňeşi häkimiýeti ele geçirmäge synanyşmakda aýyplaýar.


Tihanowskaýa irden ýaýradylan wideo ýüzlenmesinde Belarusyň döwlet zawodlarynda we kompaniýalarynda işleýänleri, häkimiýetleriň "gorkuzmagyna" garamazdan, iş taşlaýyşlaryny dowam etdirmäge çagyrdy.


Ýüzlerçe müň işçiniň hökümete garşy guralan demonstrantlara goşulmagy netijesinde, Belarusyň iň uly we möhüm döwlet kompaniýalarynyň köpüsinde, şeýle hem döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdelerinde iş durdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus