Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

AÝ/AR-nyň Minskde tussag edilen žurnalistleri ýurtdan çykaryldy

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň žurnalistleri Ýuliýa Wişnewetskaýa we Andreý Kiselýew 21-nji awgustda Minskde tussag edildi.


Olary şahsyýetlerini anyklamak üçin sakladylar we Belarus paýtagtynyň Partizanskoe polisiýa bölümine alyp gitdiler. Häkimiýetler birnäçe sagatdan žurnalistleri, rus konsullygynyň wekiliniň ugratmagynda, Orsýete ibermek kararyna geldiler.


Wişnewetskaýa we Kiselýew AÝ/AR-nyň Moskwadaky býurosynyň işgärleri. Redaksiýa olary Minskä ugratmazdan ozal Belarusyň Daşary işler ministrliginden işgärleriniň ýurtda işlemekleri üçin resmi rugsat sorady. Redaksiýa olaryň ýurtdan çykarylmagyny bikanun hasaplaýar.


Belarusda 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň başlanan köpçülikleýin protestler iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýär. 


Häkimiýetler 26 ýyl bäri häkimiýet başynda bolan prezident Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňendigini yglan etdiler. Oppozisiýa sesleriň köpçülikleýin galplaşdyrylandygyny aýdyp,  saýlaw netijelerini   ykrar etmekden ýüz öwürdi. Oppozisiýa Swetlana Tihanowskaýanyň ýeňiş gazanandygyny öňe sürdi. Şondan soň ýurtda görlüp-eşidilmedik demonstrasiýalar başlandy. Häkimiýetler olary dargatmaga synanyşyp, müňlerçe adamy tussag etdiler. Basyş ýatyrmalar wagtynda  ýüzlerçe adam ýaralandy, azyndan iki adam öldi.


Häkimiýetler ýurtda žurnalistleriň öz işlerini etmeklerine we protestleriň garaşsyz beýan edilmegine päsgelçilik döretdi. 7-nji awgustda "Häzirki zaman" teleýaýlymynyň kino topary Minskden deportasiýa edildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus