Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Baltika ýurtlary Belarusda täze saýlaw geçirmäge çagyrýar, ÝB sanksiýalaryna çagyryş edýär

Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň premýer-ministrleri Belarusy 9-njy awgustda geçirilen jedelli saýlawdan soň täze "azat we adalatly" ses berişlik geçirmäge çagyrdy.


9-njy awgustdaky ses berişlikde, resmi maglumata görä, 26 ýyllyk prezident Aleksandr Lukaşenka altynjy möhlete saýlandy we protest hereketleriniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan rehimsiz basylyp ýatyrylmagy  tutuş ýurtda nägilelik döretdi.


Üç baltika ýurdunyň ýolbaşçylary 15-nji awgustda Estoniýanyň Tartu şäherinde geçirilen ýygnakdan soň çap eden bilelikdäki beýannamalarynda täze saýlawyň "halkara synçylarynyň gatnaşmagynda we aç-açan ýagdaýda" geçirilmelidigini aýtdylar. Şeýle-de, üç baltika döwleti Belarusy zorlukdan saklanmaga we syýasy tussaglary boşatmaga, demonstrantlary tussag etmezlige çagyrdy.


Olar  zorluga sebäp bolanlar, jogapkär resmiler babatynda Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalarynyň ulanylmagyny talap etdiler.


Bu beýannama müňlerçe belarusyň köpçülikleýin protestlere çykyp, Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşynyň bes edilmegine çagyrýan, dynç alyş günlerinde has uly protestlere taýýarlanýan wagtynda çap edildi.


Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygy bilen ylalaşman, şikaýat etmäge synanyşandan soň, goňşy Litwa  çykmaga mejbur edildi; 15-nji we 16-njy awgustda parahatçylykly ýörişlere çagyrdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus