Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lukaşenka Putin bilen Belarusdaky köpçülikleýin protestleri maslahatlaşdy

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka rus kärdeşi Wladimir Putin bilen öz ýurduny sarsdyrýan köpçülikleýin protestleri ara alyp maslahatlaşdy.


15-nji awgustda geçirilen telefon söhbetdeşligi Lukaşenkanyň görlüp-eşidilmedik protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda boldy.


"Prezidentler Belarusyň içinde we töwereginde bolup geçýän ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar" diýip, Belarusyň döwlet habar gullugy Belta Lukaşenkanyň metbugat gullugyna salgylanyp, jikme-jik maglumat bermän aýtdy.


Kreml söhbetdeşlikde iki lideriň Belarusdaky "problemalaryň" “ýakyn wagtda çözülmegi” barada ylalaşandygyny aýtdy.


Kreml öz beýannamasynda "Bu problemalary iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlyga zyýan ýetirmek isleýän weýran ediji güýçler tarapyndan ulanmaly däldir" diýdi.


Bu telefon jaňy müňlerçe belaruslynyň 9-njy awgustda geçirilen ses berişligiň galplaşdyrlandygyny aýdýan protestçileriň urlup-ýenjilmegine gahar-gazap bildirip, 15-nji awgustda ýedinji gün parahatçylykly demonstrasiýa guran wagtynda boldy.


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka biraz öň rus prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşmek isleýändigini, dawaly saýlanmagyna garşy tutan köçe protestleriniň diňe Belarus üçin howp däldigini duýdurdy.


Ýurt boýunça gurnalýan protestler Lukaşenkanyň 26 ýyllyk dolandyryşyna garşy şu güne çenli dörän iň uly kynçylyk bolup görünýär.


Döwlet habar gullugy Beltanyň maglumatyna görä, Lukaşenka: "Putin bilen habarlaşmak zerurlygy bar we men onuň bilen häzir gürleşip biljek, sebäbi indi bu diňe Belarus üçin howp däl" diýdi.


Saýlawdan soňky başagaýlyk Minsk bilen Moskwanyň arasynda rus karzlary, subsidirlenen energiýa we Kremliň Bileleşik döwleti şertnamasy arkaly Belarusy hasam integrirlemek ugrundaky tagallalary sebäpli ýüze çykan dartgynlylykdan soň döredi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus