Добавить новость

В Госдуме предложили строже наказывать лиц без гражданства за оскорбление чувств верующих

К проекту «Открой#Моспром» с начала года присоединилось около 1 млн человек

В Москве пресекли деятельность банды черных риелторов

Власти Москвы рассказали о вкладе промышленников в столичный метрополитен

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen banklary studentlere pul ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizdi

Türkmen banklary studentlere pul ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizdi

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentlere we olaryň ene-atalaryna garşy täze çäklendirme-düzgünini girizdiler.

Mundan beýläk Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberjek ene-atalardan degişli ýokary okuw jaýynyň (ÝOJ) beren resminamasyna türkmen ilçihanasynyň resmi möhürini goýdurmagy hem talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

"Awgust aýyndan başlap ýurduň banklary daşary döwletlerdäki çagalarynyň täze okuw ýyly üçin okuw we umumy ýaşayyş jaý töleglerini ibermek isleýän ene-atalaryň töleglerini kabul etmekden ýüz öwürdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 14-nji awgustda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, olaryň arasynda manady resmi kurs boýunça dollara çalşyp, walýutany daşary ýurt okuw jaýlaryna iberýän "Senagat",  "Turkmenbaşy" we "Türkmen-türk" banklary bar.

"Banklar munuň sebäplerini "4-nji awgustda kabul edilen buýruk" bilen düşündirýärler we indi türkmen studentiniň öz okaýan ýokary okuw jaýyndan alan resminamasynda ÝOJ-yň möhürinden başga-da, Türkmenistanyň degişli ýurtdaky ilçihanasynyň möhüriniň bolmalydygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, olar agzalýan buýrugyň nusgasyny görkezmekden ýüz öwürýärler" diýip, ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Habarçy täze talabyň yzýany, daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň türkmen ilçihanalaryndan resmi möhür almaga synanyşýandygyny, ýöne munuň başa barmaýandygyny hem belleýär.

"Russiýanyň dürli şäherlerinde okaýan 10-dan gowrak türkmen studenti ilki Sank-Peterburgdaky, Astrahandaky we Kazandaky türkmen konsulhanalaryna barypdyr. Türkmen konsulhanalary olary kabul etmändir. Soňra olar goşmaça maddy çykdajy edip, geçen hepde Moskwadaky türkmen ilçihanasyna gidipdir. Olar ilçihananyň daşynda ençeme sagatlap garaşýarlar, ýöne olary kabul etmeýärler. Ahyrynda garawul ilçihananyň karantindedigini we işlemeýändigini aýdypdyr" diýip, habarçy studentlere we ene-atalara salgylanyp aýtdy.

Şeýle-de, ol Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň Russiýanyň dürli şäherlerinden telefon edýän türkmen studentleriniň jaňlaryna hem oňaýly jogap bermeýändigini hem belledi.

"Belarusda okaýan studentleriň-de ençemesi Kiýewdäki türkmen ilçihanasyna barypdyr. Ýöne bu ýerde-de olary kabul etmän, kowup diýen ýaly yzlaryna gaýtarypdyrlar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, şu gunler turkmen studentlerine daşary ýurt ÝOJ-lary kömek etmäge synanyşýar. Ýöne olaryň bu synanyşyklary-da häzirki güne çenli oňaýly netije bermeýär.

"Geçen hepde Russiýanyň Belgorod döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň websaýtyna resmi hat iberipdir.  Hatda okuw jaýy özünde okaýan türkmen studentleriniň sanawyny iberip, ilçihanadan olary tassyklamagy haýyş edipdir. Ýöne bu hata 14-nji awgusta çenli jogap berilmändir" diýip, habarçy bu ÝOJ-da okaýan studentleriň we olaryň ene-atalarynyň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Ene-atalaryň sözüne görä, rus uniwersitetleriniň köpüsinde administrasiýa täze okuw ýyly üçin soňky töleg möhletiniň sentýabr aýynda geçirilmelidigini yglan etdi.

Şu hepde ene-atalaryň bir topary banklaryň talap edýän möhürini türkmen ilçihanalaryndan alyp bolmaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüzlenýär.

"Bu ýerde olara "Baryň, banklaryňyz bilen çözülişiň!" diýip jogap beripdirler. Ene-atalar çykgynsyz ýagdaýda. Olar "çagalarymyzyň okuw töleglerini iberip bilmesek, okuwdan çykarylar we okan ýyllary puja çykar" diýýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu barada agzalýan banklardan we ýurduň Daşary işler ministrliginden kommentariý alyp bilmedi. Redaksiýa bu mesele boýunça Moskwadaky türkmen ilçihanasy bilen ençeme gezek habarlaşanda, telefona jogap beren resmiler trubkany taşlamak bilen boldular.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda walýutanyň resmi söwdasy ýatyrylandan soň, ýurtda dollaryň iki - resmi we "gara bazar" - nyrhy emele geldi. Merkezi bank dollaryň resmi kursyny 3,5 manat möçberinde saklap gelýän wagty, onuň "gara bazardaky" bahasy 25 manada ýetdi.

Häzirki wagtda ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna dollaryň resmi kursynda diňe türkmen banklary ýa-da Western Union pul ibermek hyzmatlary arkaly çäkli möçberde pul iberip bilýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri ilatyň pul ibermek düzgünlerini yzygiderli çäklendirip gelýärler.

Geçen aýyň ahyrynda türkmen häkimiýetleriniň pula mätäçdigi barada arza ýazan studentleriň ýurtdan goýberilmejekdigini duýdurýandygy habar berildi.

 

arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Рабочий пострадал в результате падения лифта в жилом здании в Москве

МИД: Россия требует вывода из Европы ядерного оружия США

К проекту «Открой#Моспром» с начала года присоединилось около 1 млн человек

Почти 1000 человек приняли участие в «МедЗабеге»

Музыкальные новости

Более 500 спортсменов поучаствовали в фестивале «Спорт для всех» в Мытищах

Hyundai привозит в Россию старый добрый седан по цене LADA Vesta

Первый Международный фестиваль «Мир классического романса»

Те самые русские с флагами на матче-открытия Евро — мы их нашли! Как попали на стадион и как реагируют вокруг?

Новости России

Более 1,2 тысячи человек приняли участие в заплыве на открытой воде в Истре

Рабочий пострадал в результате падения лифта в жилом здании в Москве

Паркинг с оригинальным фасадом построят в подмосковном ЖК «1-й Южный»

Появились кадры подписания Договора о стратегическом партнерстве РФ и КНДР

Экология в России и мире

Prada, коллекция menswear весна-лето 2025

Три спектакля о любви, которые можно посмотреть этим летом

Доктор Кутушов: не стоит носить кроссовки в жару

Закрытый Кипр: российские туроператоры возобновили продажу туров на остров Афродиты несмотря на санкции, спрос туристов превзошёл все ожидания

Спорт в России и мире

Россиянка Людмила Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосе

«Ну и где здесь «группа смерти?» ATP показала, каким был бы Евро-2024 с теннисистами

Овечкин, Яковлев, Фридзон и Мыскина сыграли в падел-теннис в Турции: «Победила дружба»

Самсонова обыграла Александрову и вышла в финал турнира WTA в Хертогенбосхе

Moscow.media

Бесплатный билет в музеи Зеленоградска от «ПАРАDOX» и BelkaCar

На одном из перекрестков Северного района Орла не разошлись мотоцикл и микроавтобус

Башенный комплекс "Ний" (Ингушетия)

На Азина рухнул расселенный дом











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Пользователей из России предупредили о фейковом приложении Сбербанка в App Store

Синоптик Позднякова предупредила о дожде с грозой в четверг в Москве

К проекту «Открой#Моспром» с начала года присоединилось около 1 млн человек

В Москве пресекли деятельность банды черных риелторов