Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Minskde aýallar ýene-de zorluga garşy "raýdaşlyk zynjyrynda" durdular

Azatlygyň Belarus gullugynyň maglumatyna görä, 13-nji awgustda irden Minskde prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilen demonstrasiýa wagtynda tussag edilenler bilen raýdaşlyk ýörişleri gurnaldy.


Elleri gülli, ak eşikli we ak lentaly aýallar Belarusyň paýtagtynyň birnäçe köçesinde we şaýollarynda “raýdaşlyk zynjyrynda” durdular. Geçip barýan awtoulaglaryň sürüjileri olary goldap, signal berdiler.


Bu çärä 1-nji şäher hassahanasynyň lukmanlary hem goşuldy.


Biraz öň, polisiýanyň prezident saýlawlarynyň netijelerine täzeden garamak talabyny edýän protestçilere garşy gören ýowuz çärelerine bildirilýän nägileligiň çäginde, aýal-gyzlar belarus şäherleriniň birnäçesinde raýdaşlyk çäresini geçirdiler.


Minskde 250 töweregi aýal “Bizi urmagy bes ediň! Bize diňe sesleriň dogry sanalmagy gerek!" diýen ýazgy bilen, zynjyr görnüşinde hatara düzüldi.


Witsebskde geçirilen raýdaşlyk çäresinde 15 aýal tussag edildi, Mogilewdäki parahat demonstrasiýa gatnaşan dört adam saklandy. Bobruýskde zynjyr görnüşindäki hatara 35 töweregi aýal we birnäçe erkek goşuldy. Gomelde guralan protest çäresine 500-e golaý adam gatnaşdy we olar oblispolkomyň, sebitiň ýerine ýetiriş edarasynyň binasynyň basgançaklarynda zorlugyň pidalarynynyň hatyrasyna gül goýdular.


9-njy awgustda geçirilen dawaly saýlawdan soň pitnä garşy polisiýanyň paýtagtda we beýleki şäherlerde demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok we ses granatlaryny ulanyp bbaşlamagy bilen birden möwjäp galan protestler dürli görnüşlere eýe boldy. Häkimiýetler prezident saýlawlarynda häzirki döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenkanyň 80% ses alyp, ýeňiş gazanandygyny, onuň esasy bäsdeşi Swetlana Tihanowskaýanyň 10 prosentden hem az ses alandygyny aýtdylar. Oppozisiýa ses sanawlarynyň galplaşdyrylandygyny öňe sürdi.


Polisiýa protestçilere garşy suw toplaryny, rezin oklary, ses granatlaryny we göz ýaşardyjy gaz ulanýar. Minskde we ýurduň beýleki 20-den gowrak şäherinde geçirilen demonstrasiýalarda alty müňden gowrak adam tussag edildi, azyndan 250 adam ýaralandy. Şeýle hem, resmi maglumatlara görä, bir pida bar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus