Dilleriň döwrüň şertlerine uýgunlaşmagy we türkmen diliniň meseleleri
Täjigistanyň Dil we terminologiýa baradaky komiteti bu maksatnama bilen tehnologiýanyň ösüşine laýyk sözlükleriň elektron görnüşlerini, döwlet dili boýunça okuw-gollanma kitaplaryny önümçilige ornaşdyrmagy nazarda tutýandygyny aýdýar.
Eýsem, Türkmenistanda türkmen diliniň täze şertlere uýgunlaşdyrylmagy, halkyň dil sowatlylygyny ösdürmek ugrunda nähili işleri ayp barýar? Täze terminologiýalar, adalgalar ylmy dile, metbugata nähili girizilýär, olar haýsy şertlerde timarlanýar, täze adalgalar halk diline, gepleşik diline nähili uýgunlaşdyrylýar? Bu ugurda häzirki türkmen diliniň nähili utuşlary ýa-da kemçilikleri bar?
Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sanynda türkmen diliniň meseleleri we mümkinçilikleri barada türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşligi diňleýjilerimiziň dykgatyna hödürleýäris.