Goranmak sekretary ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlaryny ýene azaltjagyny aýdýar
Esper bu sözleri 8-nji awgustda "Fox News" tarapyndan efire berlen interwýusynda aýtdy.
Onuň aýdan sözleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hepdäniň başynda yglan eden goşun azaltmak planlaryna jikme-jiklik goşýar.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň Owganystanda takmynan 8600 esgeri bar.
Tramp 3-nji awgustda “Axios” bilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esger sanyny 4000 töweregine getirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.