Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belarus möhüm saýlawlaryň öňüsyrasynda “Häzirki zamanyň” üç habarçyny ýurtdan çykardy

Belarus häkimiýetleri ýurtda geçiriljek möhüm prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman" telekanalynyň üç habarçyny deportasiýa etdi.


Şeýle-de bu üç habarçy, Irina Romaliýskaýa, Ýuriý Baranýuk we Iwan Hrebenýuk  on ýyllap Belarusa girmesiz edildi.


AÝ/AR-nyň žurnalistleri 7-nji awgustda, paýtagt Minskdäki bir myhmanhanada tussag edildi we golaýdaky polisiýa bölümine äkidildi. Olaryň näme üçin tussag edilendigi entek belli däl.


Häzir Ukraina gelen žurnalistler Minsk polisiýa bölüminde özlerinden Belarusdaky işleri barada sorag edilendigini gürrüň berdiler.


Romaliýskaýa öz Facebook sahypasynda oppozisiýa kandidaty Swetlana Tihanouskaýanyň tarapdarlary tarapyndan geçirilen Minsk ýygnnyşygyny göni ýaýlymda görkezip, "Meniň düşünişime görä, tussag edilmegiň we soňraky deportasiýa edilmeginiň sebäbi düýnki efir" diýdi. 


AÝ/AR-nyň “Häzirki zaman” neşiri, “Amerikanyň sesiniň” (VOA) kömegi bilen rus dilinde telewizion habar gepleşiklerini öndürýän telekanal žurnalistlerini Belarusa ibermezinden öň ygtyýarnama sorap, häkimiýetlere  ýüz tutdy. Emma Belarusyň Daşary işler ministrligi olaryň arzalaryna jogap bermedi.


Romaliýskaýa we Grebenýuk Ukrainanyň raýatlary, Baranýuk bolsa Russiýanyň raýaty.


Biziň "Häzirki zaman” " žurnalistlerimiz Belarusda geçiriljek prezident saýlawlaryny öz içine alýan işlerini ussatlarça ýerine ýetirýän wagtynda tussag edildi” diýip, AÝ/AR-nyň iş başyndaky prezidenti Deýzi Sindelar aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus