Прокуратура опубликовала фото обысков по делу об убийстве в Люблино

Коммунальные службы устранили аварию на водоводе в подмосковной Лобне

Территорию возле городского вокзала Щербинка благоустроят в этом году

18 апреля: какой сегодня праздник, что было в этот день



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň býujet işgärleri COVID-19 synagyndan öz hasabyna geçmäge borçly edildi

Aşgabadyň býujet işgärleri COVID-19 synagyndan öz hasabyna geçmäge borçly edildi

Türkmenistanyň paýtagtynda döwlet edaralaryň we kärhanalaryň işgärlerine COVID-19 keselini anyklamak boýunça testden geçmek tabşyryldy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, buýruk 6-njy awgustda döwlet edaralaryna we kärhanalaryna berlipdir.

"Düýn irden býujet guramalary poliklinikalarda koronawirus üçin synaglardan gyssagly geçmek hakynda täze buýruk aldylar. Munuň üçin maşgala lukmany işgäri laboratoriýa ugratmaly, şol ýerden ol burnundan we bokurdagyndan suwuklyk aldyryp, wirusyň ýoklugy barada öz işleýän ýerine resminama getirmeli, bolmasa işlemäge rugsat berilmez", - diýip, Azatlygyň habarçysy 7-nji awgustda habar berdi we buýrugyň ýerine ýetirilmeginiň hökmanydygyny, testiň töleglidigini we saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň bardygyna garamazdan işgärleriň ony öz hasabyna etdirmelidigini belledi.

Býujet işgärleri üçin koronawirus testiniň bahasy 100 manada durýar.

Habarçymyz paýtagtyň saglyk edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, "Mundan başga-da wirus tapylanda lukmanlara muny şahadatnamada ýazmazlyk, emma işgäri hassahana ibermek barada döwlet edarasyna habar bermek tabşyryldy" diýdi.

Azatlyk Radiosy işgärleriň köpçülikleýin testden gecirmek düzgüniň sebäbini we jikme-jikliklerini Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden we şeýle buýrugy alan döwlet edaralaryndan anyklap bilmedi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, döwlet işgärleriniň özleri aýlyk haklarynyň gelmegine gabat gelen bu täze buýrugyň döwlet edaralarynyň işgärleriniň girdejilerinden serişdeleri saklamagyň nobatdaky bir usuly bolmagyny çak edýärler. Türkmenistanyň döwlet işgärlerinde dürli maksatlar, şol sanda dezinfeksiýa we saglyk barlaglary üçin girdejilerden yzygiderli pul alynýar.

Soňky hepdelerde Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmek üçin BSG we BAE-den gumanitar kömegini aldy. Şol bir wagtyň özünde, COVID-19 alamatlary bolan näsaglykdan ilatyň we lukmanlaryň arasyndaky keselçiligiň we ölümiň ýaýramagyna garamazdan, häkimiýetler ýurtda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler.

Türkmenistan, dünýäniň beýleki ýurtlary tarapyndan COVID-19-a garşy girizilen berk çäklendirmeleri durmuşa geçirdi. Kärhanalar ýapylýar we döwlet sektoryndaky işgärler köpçülikleýin tölegsiz rugsada iberilýär.

Bu aralykda COVID-19 alamatly kesel ýurtda ýaýramagyny dowam etdirýär.

7-nji awgustda Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky täze ýagdaýlar barada habar berdiler:

- Gartaşan adam ýokary gyzgynly keseli başdan geçirdi we sagalyp başlady, ýöne onuň aýaly keselledi, özüni gaty erbet duýdy, dem alyp bilmedi we otyryp uklamaly boldy. Antibiotikler oňa kömek etmedi, ol hasam erbetleşdi. Koronawirus synagyň resmi netijeleri aýalda hem üadamsynda negatiw boldy. Emma ikisi-de demorýol keselhanasyna äkidildi. Florografiýa, äriniň öýkenine bölekleýin zeper ýetendigini, aýalynyň öýkeniniň bolsa bütinleý garalyp gidendigini görkezdi. Hassahanada dermanlar berilýär, emma soň garyndaşlaryndan talap edilýär. Ýöne hassahanada iýmit ýa-da agyz suwy ýok, garyndaşlary getirýärler.

- Bir aý öň 8-nji poliklinikada ýogalan garry maşgala lukmanynyň koronawirusdan ölendigi tassyklandy.

- Oguzhan köçesindäki Nyýazow hassahanasy (Aýtakowa) tutuşlygyna COVID-19 üçin işleýär we ol ýerde adam köp.

 

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda daşary ýurtlardan gelen adamlar ýerli karantinlere salynýar.

7-nji awgustda 121 adamlyk uçar Türkiýeden Türkmenabada barypdyr.

Azatlygyň welaýatyndaky ygtybarly çeşmesiniň sözlerine görä, Türkiýeden baranlar koronawirus synagy geçirilip, aeroportda garaşýarlar. Olaryň soň Özbegistan bilen serhet ýakasynda ýerleşýän Farapdaky karantine alynmagy planlaşdyrylýar.

Çeşme, gelenleriň arasynda Türkmenistanyň bir raýatynyň bardygyny, galanlarynyň Türkiýäniň raýatlarydygyny habar berýär.

1-nji awgustda Azatlyk Stambuldan Türkmenistana uçaryň barmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar beripdi. Daşary ýurtdaky türkmen aktiwistleriniň habaryna görä, şol uçarda Türkiýedäki deportasiýa lagerindäki türkmenleriň, şol sanda 17-nji iýulda Stambulda Türkmen konsullygynyň öňünde geçirilen demonstrasiýa wagtynda tussag edilen aktiwist Dursoltan Taganowanyň Türkmenistana ugradylmak göz öňünde tutulypdyr.

Azatlygyň çeşmesi 7-nji awgustda daňdan Türkiýeden baran uçarda Dursoltan Taganowanyň bolmandygyny habar berdi.

Maryda welaýatdan giriş we çykyş çäklendirildi. Munuň üçin iş ýerinden we saglyk resminamalary talap edilýär. Welaýatyň içinde hareket etmek üçin maskalaryň dakylmagy hökmanydyr.

 

"Düýn, Marydan çykyş ýapyldy. Barlag nokadyndan geçenlerinde, iş ýerinden resminama we saglyk şahadatnamasy talap edilýär. Bu şahadatnamalar bolmasa geçmäge rugsat berilmeýär. Awtobuslarda maskasyz awtobusa girmegiň gadagan edilendigi barada bildirişler bar. Emma sürüjiler muňa gözegçilik etmeýärler we adamlar muňa kän bir reaksiýa bildirmeýärler. Awtobuslarda durulýan ýerleriň hasabyna goşmaça oturgyçlar goýuldy, ýagny boş ýerleriň hemmesini oturgyçlar bilen doldurdylar "-diýip, Azatlygyň habarçysy 7-nji awgustda gürrüň berdi.

Maryda wirusa garşy "Rimantadin" dermanyny ýene-de az mukdarda ilata paýlap başladylar.

"4-nji awgustda Maryda maşgala şepagat uýalary öýlere aýlanyp, wirusa garşy "Rimantadin" dermanyny mugt paýlap başladylar. Şol bir wagtyň özünde, Milli Howpsuzlyk Ministrliginden ýa-da polisiýadan jaň edilip, derman serişdesiniň berlendiginiň soralan ýagdaýy üçin aragatnaşyk maglumatlary belläp aldylar. Derman ýaşy 60-65-den geçen adamlara berildi" diýipm Azatlygyň habarçysy her adama hepdede 7 tabletkadan berýändigini, käbir ýerlerde maşgala şepagat uýalarynyň ýa-da lukmanlaryň bejergini dowam etdirmek üçin dermanlary dermanhanalarda satyn almagyny maslahat berýändigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bolup geçýän ýagdaýlar ýerli ilatda "ýurtda koronawirus ýok bolsa, näme üçin bu derman paýlanýar?" diýen soragy döredýär.

Könelen we peýdasy şu çaka çenli subut edilmedik "Rimantadin" dermany Türkmenistanda iýul aýynyň başynda köpçülikleýin paýlanyp başlandy. Öndüriji tarapyndan göz öňünde tutulan dozirowka görä, bejergi üçin 30 tabletka ulmaly. Häzirki wagtda bu dermanyň her adam başyna sanlyja tabletkasy beýleki welaýatlarda hem paýlanýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Ru24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Ru24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Ru24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Российские лидеры». Застройщики Крыма заняли первое место по вводу жилых новостроек с апартаментами

В России назвали проект Маска по освоению Марса фантастикой

У водителя, зарезавшего мужчину за замечание о парковке, нашли 44 миллиона

Пятерых туркменских студентов не пустили в Кольцово на учебу в УрГЭУ. ФОТО

Музыкальные новости

Социальная работа на предприятии: современные тенденции и интересные кейсы

Эксперт рассказала, как правильно выбрать одежду для спортзала

Фронтмен Metallica Хэтфилд сделал тату с прахом умершего лидера Motorhead Лемми

Житель Горно - Алтайска оплатил задолженность по алиментам после ареста автомобиля

Новости России

Китайские игры, куклы-обереги и сказочный бал: что ждет кузбассовцев на вечерней акции «Библионочь-2024»

В России вдвое увеличили квоту для иностранных студентов в последние три года

Кураж зацепера: РЖД разработали алгоритмы для их обнаружения

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об эффективных решениях в дорожном строительстве   

Экология в России и мире

Полное руководство по онлайн-покупкам на рынке ‘Садовод’: советы, рекомендации и секреты экономии

С 15 по 21 апреля в России проходит Неделя популяризации донорства крови

Новый трек Батишты и NAT станет гимном расставания

Куда стремятся попасть российские туристы без турфирм на майские праздники?

Спорт в России и мире

WTA отреагировала на суперкамбэк Елены Рыбакиной

Прямая трансляция первого матча Елены Рыбакиной на турнире в Штутгарте

Теннисист Рублев разбил ракетку после поражения на турнире в Барселоне

Полина Кудерметова проиграла Плишковой в первом круге турнира WTA в Руане

Moscow.media

В Волгоградской области стартовал капремонт моста через Кленовку

Автомобили новой марки MG появились в России. Что это за машины?

При силовой поддержке Росгвардии задержаны подозреваемые в организации незаконной миграции

Беспроводной сканер штрих-кодов SAOTRON P05i промышленного класса











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Точно можно есть. Роскачество назвало самые качественные сосиски

Состоялась стратегическая сессия по развитию Всецерковного православного молодежного движения «Верные»

ФОМ: более 80% россиян положительно оценивают работу Путина

Свердловчане стали чаще ездить в Москву