Мы в Telegram
Добавить новость

Собянин: Искусственный интеллект станет базовой медицинской технологией в Москве

Поле битвы – корпоративные права. Владельцы сети «Пятерочка» сделали заявление

Генеральское дело: Удивительная хроника арестов военных до замминистра Иванова

Подрядчик приступает к заключительному этапу ремонта коллектора в Бердске

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjigistanda döwlet dilini ösdürmegiň täze maksatnamasy taýýarlandy

Täjigistanda döwlet dilini ösdürmegiň täze maksatnamasy taýýarlandy

Täjigistanyň alymlary döwlet dilini geljek onýyllykda ösdürmek üçin maksatnamany kabul etmäge taýýarlaýarka, bilermenler täjik diliniň ulanylyş derejesi hem ony öwretmegiň meseleleri barada alada edýärler.

Dil hem terminologiýa baradaky komitet golaýda 2020 - 2030-njy ýyllar üçin, döwlet dilini ösdürmegiň täze Maksatnamasyny taýýarlady hem ony hökümetiň makullamagyna tabşyrdy.

Komitetiň başlygy Olimjon Muhammadjonzoda metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda, häzirki wagtda täjik dilini ösdürmek hem ony kämilleşdirmek üçin, täze maksatnamany kabul etmäge zerurlygynyň dörändigini aýtdy. «Täze Maksatnamanyň çäginde, tehnologiýanyň ösüşine laýyk sözlükleriň elektron görnüşlerini, döwlet dili boýunça okuw-gollanma kitaplaryny önümçilige ornaşdyrmagy nazarda tutýarys» diýip, Maksatnamanyň esasy ugurlaryny düşündirdi.

Muhammadjonzodanyň aýtmagyna görä, ýurduň çäginden daşarda ýaşaýan täjiklere ene dilini öwretmek Maksatnamanyň möhüm ugurlaryndan biri bolar hem-de täjik diliniň başga döwletlere ýaýramagyna ýardam eder. Onuň sözüne görä, Maksatnama täjik ýazyjylarynyň arhiwde bar bolan eserleriniň tekstini elektron görnüşde we onuň ýany bilen audioformatda, şeýle hem kitap şekilinde çykarmagy göz öňünde tutýar.

Dil hem terminologiýa baradaky komitetiň jogapkär işgärleri döwlet dilini ösdürmek hem ony goldamak üçin, täze Maksatnamany kabul etmegiň zerurdygyny aýdýan wagtynda, filologlaryň birnäçesi bu ugurda täjik diliniň ulanylyşyna ünsi güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekýärler.

Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň mugallymy Kutbiddin Muhtori häzirki wagtda studentleriň döwlet dilini öwrenmek meselesine sowuk-sala garaýandygyny aýdýar. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde sosial ulgamlardaky we köçedäki dil ony göterijileriň hakyky derejesini görkezýär diýdi.

«Meselem, men mugallym hökmünde auditoriýa girip sapaga başlasam, hakykatdanam studentler edebi dili özleşdirmäge çalyşýarlar. Eger Döwlet diliniň güni bolsa, olar täjik diline guwanyp, ony goldamagyň zerurdygyny aýdýarlar. Bu meseläniň bir tarapy, ýagny resmi ýüzi, eger biz meselä düýplüräk girişip, sosial ulgamlardaky dile seretsek, köçe diline üns bersek, başga bir hakykaty görýäris. Täjik dilini ulanyjylar sosial ulgamlarda käbir meseleler boýunça jedele girenlerinde ýa bir zada düşündiriş bermeli bolanda, dili nähili ulanýandyklaryny görkezýärler. Olar üçin döwlet diliniň ähmiýeti ýok. Häzirki wagtda biz täjik diliniň iki dürli ulanyşyny görüp, ondan netije çykarsak, hakykaty hem galplygy deňeşdirip bileris» diýip, ol aýtdy.

Dil hem terminologiýa baradaky komitet täze Maksatnamany kabul etmek bilen döwlet dilini giňden ulanmaga hem bu ugurdaky bar bolan meseleleri çözmäge mümkinçilik dörejekdigini öňe sürýän wagtynda, täjik dilini öwreniji, Moskwadaky bilermen Umed Jaýhoni täze programmanyň bar bolan meseleleri çözmekden ötri diňe deklaratiw häsiýete eýe boljakdygyny aýdýar. Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanynda Jaýhoni: «Esasy bökdençlik – diliň ruslaşmagy, iş ýüzündäki dilde, döwlet edaralarynda hem köpçülikleýin habar serişdelerinde dil ruslaşýar» diýdi.

Täjigistanda döwlet dilini ösdürmegiň täze Maksatnamasy üçünji gezek kabul edilýär. Ilkinji Maksatnaman 1997-2000-nji ýyllar, ikinjisi 2012-2016-njy ýyllar üçin kabul edilipdi.

Dil hem terminologiýa baradaky komitetiň resmileriniň aýtmagyna görä, öňki kabul edilen iki Maksatnama iş kagyzlaryny terjime etmek, guramalarda hem edaralarda döwlet dilini ulanmak, milli azlykdakylaryň ene diliniň ösmegine ünsi çekmek, ýokary hem orta okuw jaýlarynda döwlet dilini öwretmek üçin şertleriň we mümkinçiligiň döredilmegini ýola goýmak ýaly meseleleri maksat edinipdi. Resmileriň sözüne görä, täze Maksatnama başga maksatlary göz öňünde tutýar.

Azatlygyň gürrüňdeş bolan bilermenleriniň birnäçesi öňki maksatnamalaryň göz öňünde tutulyşy ýaly amala aşyrylmadygyny aýtdylar. Şoňa görä-de täze Maksatnamanyň maksada laýyk boljakdygyna şübhe bildirýärler.

Kutbiddin Muhtoriniň aýtmagyna görä, häzir öwüt-ündewiň wagty däl, döwlet dili hökman goralmaly hem kabul edilen kada laýyklykda ulanylmaly. Onuň pikirine görä, eger ýaş ynsan täjik dilini düşünjeli ulanmagy başarmasa, özüniň işe alynmajagyna düşünen halatynda, olar dili öwrenmäge mejbur bolarlar. «Olarda ene dilini öwrenmäge içki zerurlyk dörär, diňe şeýle ýagdaýda döwlet dili ösüp biler» diýip, ol belleýär.

Ol şeýle hem mugallymlaryň sapak wagtynda edebi dili kadaly ulanmaýandygyny-da aýtdy. Şonuň üçinem ilkinji nobatda mugallymlaryň gepleýşinde edebi diliň kadalarynyň saklanmagy gerek, olar öz okuwçylaryna görelde bolmaly.

Täjik dilini ösdürmegiň hem onuň orfografiýasyny kämilleşdirmegiň meseleleri öňräkden bäri dowam edýär. Täjik dili 1989-njy ýylyň 22-nji iýulynda döwlet dili statusyna eýe bolupdy. Şondan bäri täjik diliniň ýazuw kadalaryna iki gezek garaldy.

Täjik diliniň dogry ýazuw kadalaryna soňky gezek 2011-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda düzediş girizilipdi. Geçen ýyl Döwlet dili gününde ýurduň prezidenti Emomali Rahmon orfografiýa kadalaryndaky bulaşyklygy tankyt edip: «Biziň dilçi-alymlarymyz täjik diliniň orfografiýasynyň diňe ylmy işler üçin däl, eýsem iş ýüzünde ulanylmagy üçin gerekdigine, halkyň sowatlylyk derejesiniň ösmegine ýardam etmelidigine düşünmekleri zerur, şonuň üçin ol jemgyýetiň ähli gatlagyna düşnükli hem elýeterli bolmaly» diýdi.

Döwlet ýolbaşçysynyň şeýle tankydyndan soň, dil ugrundan bilermenler täjik diliniň orfografiýasynyň täze usullaryny işlemek meselesine girişdiler. Häzir olar «Täjik diliniň akademiki grammatikasyny» döretmek ugrunda işleýärler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Ru24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Ru24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Ru24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Собянин: Искусственный интеллект станет базовой медицинской технологией в Москве

В Московской области сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже дорогостоящего электрооборудования

Сбер подарил Орлу умный светомузыкальный фонтан

В Якутск прилетел Герой России Николай Соболев

Музыкальные новости

Компания ICDMC стала победителем престижной премии в сфере ЗОЖ – Green Awards 2023/24

Ведущие «Авторадио» исполнили в Кремле культовую песню о самой масштабной стройке XX века

Тренер "Спартака" Слишкович заявил, что доволен ничейной игрой против ЦСКА

Расплата за расточительство! ФК «Оренбург» на домашнем поле уступил ФК «Динамо» (Москва) – 1:2

Новости России

Собянин: Искусственный интеллект станет базовой медицинской технологией в Москве

Подрядчик приступает к заключительному этапу ремонта коллектора в Бердске

В Якутск прилетел Герой России Николай Соболев

Сбер подарил Орлу умный светомузыкальный фонтан

Экология в России и мире

День Земли - каждый день

Компания ICDMC стала победителем престижной премии в сфере ЗОЖ – Green Awards 2023/24

Новые коллекции Dagon и elisabetta

Туроператоры назвали направления, куда россияне поедут отдыхать на майские праздники: некоторые страны удивили

Спорт в России и мире

Кто отец Дианы Джокович?

WTA озвучила Елене Рыбакиной условия для становления второй ракеткой мира

Соболенко: я предпочитаю смотреть мужской теннис, а не женский

Теннисистка Касаткина заявила, что скучает по России, но пока не может приехать

Moscow.media

Несколько дорог подтоплено в Абатском районе Тюменской области

Российские технологии защиты автомобилей от угона представили на выставке в Италии

Глава МЧС доложил Владимиру Путину о паводковой обстановке в Оренбургской, Курганской и Тюменской областях

Суд не стал менять приговор экс-главе наркоконтроля Свердловской области











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Собянин: Искусственный интеллект станет базовой медицинской технологией в Москве

В Якутск прилетел Герой России Николай Соболев

Сбер подарил Орлу умный светомузыкальный фонтан

Столичных вандалов задержали в Новосибирском метро