Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 18 milliondan aşdy

3-nji awgustda dünýäde hasaba alnan koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 18 milliondan geçdi. Käbir ýurtlar kesellänleriň täze sanynyň rekord derejede köpelmegine duçar bolýarlar, beýlekiler ýagdaýyň kadalaşmagyna garamazdan, keselçiligiň gaýdyp gelmeginden howatyrlanýarlar.


Ýewropada wirusyň täzeden ýaýramagy bilen bagly aladalara garamazdan, Germaniýanyň demirgazyk Meklenburg-Worpommern ştatynda tomus dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagyndan soň 3-nji awgustda müňlerçe okuwçy mekdebe dolandy.


Germaniýa COVID-19 pandemiýasy sebäpli mart aýynyň ortalarynda ýapan okuw jaýlaryny ilkinji gezek açýar.


Germaniýanyň saglyk ministri Jens Spahn şu hepdäniň ahyryndan başlap, töwekgelçilikli COVID-19 ýurtlaryndan Germaniýa gaýdyp gelýän syýahatçylar üçin hökmany synag geçiriljekdigini mälim etdi.


Koronawirusdan dünýäde iň agyr zyýan çeken ABŞ-nyň resmileri ýurduň köp ýerinde keseliň ýaýramagyna degişli “täze tapgyryň” başlanandygyny aýtdylar.


Fransiýada, dynç alyş möwsüminiň orta nokadyndan geçen pursadynda keselçiligiň köpelip başlamagy sebäpli, köpçülik içinde maska dakynmak düzgünleri güýje girdi.


Awstraliýanyň iň köp ilatly Wiktoriýa ştatynda betbagtçylyk ýagdaýy yglan edildi we alty hepdelik gijeki komendant sagady girizildi.


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy global derejede COVID-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaý yglan edeli bäri dünýäde kesellänleriň sany 18 milliona ýetdi, azyndan 687,000 adam öldi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus