Tramp wirus toparynyň brifinglerini dikeldýär, ahyr soňy maskalary goldaýar
20-nji iýulda Tramp – ol we ýaranlary tarapyndan birnäçe aýlap ret edilen – ýüz maskalaryny geýmek taktikasyny üýtgetmek bilen bir hatarda, 21-nji iýulda koronawirusyň köpelmegi barada "köpçülige maglumat bermek" üçin Ak tamyň koronawirus iş toparynyň gündelik brifingleriniň gaýtadan dikeldiljekdigini aýtdy.
Tramp özüniň maska geýen suratyny Twitter sosial ulgamynda paýlaşyp, “Biz görünmeýän hytaý wirusyny ýeňmek tagallalarymyzda Birleşýäris we köp adamlar sosial taýdan aralygy saklap bolmaýan wagty ýüz maskasyny geýmegiň Watançylykdygyny aýdýarlar” diýdi.
Trampyň bu çykyşy, Floridada yzly-yzyna tapgyr altynjy gün koronawirus ýokuşan täze 10000-den gowrak adamyň hasaba alnandygy we 20-nji iýulda 90-dan gowrak adamyň ölendigi habar berlen mahalyna gabat geldi. Munuň netijesinde bu ştatda ölenleriň sany 5183 adama ýetdi.
Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da COVID-19 keseli 3,8 million çemesi adama ýokuşdy we bu wirusdan takmynan 141000 adam öldi.
Koronawirusdan bütin dünýäde ölenleriň sany takmynan 610000 adama barabar bolup, tassyklanan wirus hadysalarynyň sany 14,7 milliondan gowrak adama deňdir.