Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Rohani Eýranda takmynan 25 million adama koronawirusyň ýokuşandygyny çaklaýar

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 18-nji iýulda ýurtda epidemiýa başlaly bäri 25 million töweregi eýranla koronawirusyň ýokuşan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy we halky pandemiýa çynlakaý garamaga çagyrdy. Rohani bu sözlerini Saglyk ministrliginiň geçiren täze barlaglarynyň netijelerine salgylanyp aýtdy.


Saglyk ekspertleriniň çykaran netijelerine laýyklykda, täze derde uçranlaryň görlüp-eşidilmedik möçberi, ýagny olaryň jemi sanynyň 25 million çemesi bolmagynyň mümkindigi öňe sürülýär. Eýranyň ilaty 81 million töweregi diýip hasaplanýar.


"Biziň hasaplamalarymyza görä, şu wagta çenli 25 million eýranla wirus ýokuşdy we takmynan 14 müň adam eziz janyndan mahrum boldy” diýip, Rohani öz çykyşynda aýtdy. Şeýle-de ol täze hasabatda ýene 30 we 35 million aralygyndaky ilatyň töwekgellik astynda boljakdygynyň çaklanylýandygyny belledi.


Rohani 200 müňden gowrak adamyň keselhana ýerleşdirilendigini, ýakyn aýlarda bu sanyň iki esse artmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Ýöne Rohani hasabatyň hasaplamalarynyň nämä esaslanýandygyny anyklaşdyrmady.


Gürrüňi edilýän täze hasabat şu wagta çenli köpçülige mälim edilmedi.


Aprel aýynda çap edilen parlament hasabatynda Eýranda wirusdan ölenleriň sanynyň resmi taýdan yglan edilen sanlardan iki esse köp bolmagy ähtimal diýilýär.


Geçirilýän saglyk barlaglarynyň ýeterlik däldigini göz öňünde tutup, hasabatyň awtorlary şol döwürde wirus ýokuşan adamlaryň sanynyň tassyklanan sanlardan “sekizden 10 essä çenli köp” bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.


Saglyk ministrliginiň 18-nji iýulda ýaýradan iň soňky maglumatlaryna görä, Eýranda 271,606 ýokuşma bar, ölenleriň sany 13,979.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus