Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy Özbegistan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ikinji gezek çäklendirmeleri girizmegi göz öňünde tutýar.
32 million ilatly Özbegistanyň hökümetiniň ýörite komissiýasynyň 8-nji iýulda beren maglumatyna görä, çäklendirmeler 10-njy iýuldan 1-nji awgusta çenli dowam eder.
Mundan bir aý öň, ýagny 15-nji iýunda özbek hökümeti ozalky girizen çäklendirmelerini ýatyrypdy.
Maglumata görä, ýurtda jemgyýetçilik, şol sanda regionlaryň arasynda gatnaýan transportyň hereketi çäklendiriler; bazarlar, azyk satmaýan uly söwda merkezleri, seýilgähler we sport desgalary ýapylar.
Çäklendirmeler döwri maşgala toý-dabaralary hem gadagan ediler.
Özbek resmileriniň 8-nji iýulda beren maglumatyna görä, ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sany 10 müň 838-e we ondan ölenleriň sany 41-e ýetdi.