Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystanyň prezident diwanynyň 17 işgärine Covid-19-yň ýokuşandygy tassyklandy

Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň ýene dokuz işgärine Covid-19-yň ýokuşandygy tassyklandy. Şeýlelikde, prezident diwanyndan wirus ýokuşan näsag işgärleriň umumy sany 17 adama ýetdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.


Prezident diwanynyň sekiz işgärinde koronawirus ýüze çykarylandan soň, galan işgärleriň hemmesi saglyk barlagyndan geçdi. Beýlekiler bilen bir hatarda, prezident diwanynyň başlygy Dosaly Esenaliýewe hem COVID-19-yň ýokuşandygy anyklandy. 


Metbugat gullugy olaryň hemmesiniň öýde, saglyk maslahatyny almak bilen, uzak aralykdan işlemegini dowam etdirýändigini aýtdy.


Prezident Sooronaý Jeenbekow 24-nji iýunda Moskwa geldi, ýöne ol sapara bile gelen iki işgäriň wirus barlagynda oňyn netije görkezendigi sebäpli Orsýetde gijikdirilip guralan Ýeňiş paradyna gatnaşyp bilmedi.


Jeenbekow we onuň  delegasiýasy Moskwadan gaýdyp geleninden soň, koronawirus ýokuşmasynyň bardygyny barlamak üçin ikinji synagdan geçdi. Prezidentiň saglyk barlagy wirus babatynda negatiw netije görkezdi, ýagny oňa bu kesel ýokuşmandyr, ýöne Jeenbekow izolýasiýa edilmegini dowam etdirýär we uzakdan işleýär.


27-nji iýunda irden berlen maglumatlara görä, Gyrgyzystanda 309 sany täze COVID-19 näsagy ýüze çykaryldy. Bu ýurtda epidemiýa başlanaly bäri gündelik iň ýokary ösüşdir. Ýurtda jemi 4,5 müň adama koronawirus ýokuşdy, resmi maglumatlara görä, bu keselden 46 adam heläk boldy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus