Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow koronawirus ýokaşan Nazarbaýewe kömek teklip edýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýewe hat ýollap, oňa koronawirus ýokanjynyň ýokandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini aýtdy.


“Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn. Durmuşyň şu agyr günlerinde sizi hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygymyzy mälim etmek isleýärin” diýip, döwlet baştutanynyň hatynda aýdylýar.


Berdimuhamedow Nazarbaýewe hat ýollamazyndan bir gün öň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, ozal çakylygy kabul edendigine garamazdan, Moskwada 24-nji iýunda bellenýän Ýeňiş baýramçylygyna gatnaşyp bilmejekdigini aýtdy.


Ol munuň sebäbini 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy we koronawirus ýokançlary zerarly karantin düzgünleriniň girizilmegi bilen düşündirdi.


Nazarbaýewiň metbugat gullugynyň 18-nji iýunda beren maglumatyna görä, öňki prezident häzir özüni üzňeleşdirdi we işini uzak aralykdan, aýrybaşga ýerde dowam etdirýär.


79 ýaşly Nazarbaýew nebite baý öňki sowet respublikasyny 30 ýyl töweregi dolandyrandan soň, 2019-njy ýylyň mart aýynda işinden aýryljakdygyny mälim etdi. Emma ol dolandyryjy Nur-Otan partiýasyna we ýurduň uly ygtyýarlykly Howpsuzlyk geňeşine ýolbaşçylylygyny dowam etdirýär, elbasy – milletiň lideri derejesinden peýdalanýar.


Türkmenistan özünde hiç bir koronawirus ýokanjynyň ýüze çykarylmandygyny aýdýar.


Ýerli saglyk işgärleri ýurtda koronawirus alamatlay bilen kesellän, ölýän adamlaryň bardygyny habar berýärler.


Ýurtdaky ýapyklyk, metbugat azatlygynyň bolmazlygy zerarly, ekspertler türkmen hökümetiniň beýanatlaryna şübheli garaýarlar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus