Gzagystanyň premýer-ministri Askar Mamin saglyk ministriniň koronawirus testiniň pozitiw çykmagyndan soň öz-özüni köpçülikden üzňeleşdirdi. Onuň metbugat-wekili Zarina Nurlanowa Maminiň öz işini dowam etdirjekdigini we onuň COVID-19 testiniň negatiw çykandygyny 14-nji iýunda Facebook arkaly habar berdi.
Mamin 12-nji iýunda saglyk ministri Ýerlen Birtanow bilen bilelikde günorta Žambyl welaýatyna sapar etdi we derman hem waksina öndürmek boýunça kärhananyň düýbüni tutdy.
Birtanow 14-nji iýunda koronawirusa testden geçip, onuň netijesi pozitiw çykansoň keselhana ýerleşdirildi.
“Meniň ähli berk sanitariýa çäreleriniň berjaý etmegime garamazdan, töwekgelçilik mydama bar" diýip, Brtanow Facebookda ýazdy we gazagystanlylary bir birinden distansiýa saklamaga we sanitariýa çärelerini üpjün etmäge çagyrdy.
Nurlanowa ministrleriň ikisiniň-de saparyň dowamynda maskaly bolandygyny aýtdy.
Gazagystanda koronawirus bilen kesellänleriň sany soňky günlerde çürt-kesik köpeldi.
Soňky sanlara görä, ýurtda COVID-19 bilen 18 898 adam hasaba alyndy, 77 adam ýogaldy.