11-nji iýunda Gazagystanda 944 adamda koronawirus ýüze çykaryldy, üç sebitde karantin düzgünleri berkidildi diýip, Azatlygyň Gazak gullugy habar berýär.
Gazagystanda jemi 17.031 koronawirus näsagy hasaba alyndy, olaryň 3,159-synda keseliň alamatlary ýok, bu näsaglar 3-nji iýundan bäri resmi statistika girizilmedi.
Epidemiýa başlaly bäri ýurtda bu keselden 68 adam öldi.
Dördünji gün keseliň daşky alamatlary esasynda ýüze çykarylan näsaglaryň köpüsi, 52 adam Karaganda sebitine degişli. Nur-Soltanda – 50, Almatyda we Aktobe sebitinde – hersinde 48, Şimkentde 29 hassa ýüze çykaryldy.
Şol bir wagtda, resmi maglumata görä, Aktobe, Karaganda we Žambyl sebitlerinde çäklendiriji çäreler güýçlendirildi.
Häkimiýetler bu karary näsaglaryň sanynyň köpelmegi bilen düşündirýärler.