Ukraina NATO-dan hyzmatdaş statusyny aldy
Ýaranlygyň Ukraina beren ygtyýarlyklaryndan şu wagta çenli diňe Gürjüstan, Iordaniýa, Awstraliýa, Finlýandiýa we Şwesiýa peýdalanýardy.
Giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaş statusy, Demirgazyk Atlantik şertnamasynyň işine möhüm goşant goşan ýaranlar we hyzmatdaşlar arasyndaky ylalaşygy ösdürmek baradaky başlangyçlarynyň bir bölegi bolup durýar.
Bu karar Ukrainanyň umumy programmalara giňeldilen elýeterliligini, bilelikdäki maşklara gatnaşmak mümkinçiliklerini, has giňişleýin maglumat alyş-çalşygyndan peýdalanyp biljekdigini, şol sanda toplanan amaly tejribe baradaky maglumatlary hem ulanyp biljekdigini aňladýar.