Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen diplomatlaryna döşe dakylýan tapawutlandyryş nyşanlary berler

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýunda geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowa ýurduň Mejlisi bilen bilelikde türkmen diplomatlaryna tapawutlandyryş derejelerini bermek we olar üçin döşe dakylýan nyşany işläp taýýarlamak barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.


Döwlet baştutany şu ýyl ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň bellenýändigini aýdyp, türkmen diplomatlarynyň ýurduň dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge, halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan goşantlaryny belledi.


Tapawutlandyryş nyşanlary bilen sylaglanjak diplomatlaryň sanawlaryny düzmek hem daşary syýsat edarasynyň özüne tabşyryldy.


Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk durumy ozalky daşary işler ministri Boriş Şyhmyradowyň ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň iň ýakyn egindeşleriniň biri bolan döwründe, žurnaliszmden diplomatiýa gelen syýsatçynyň tagallalary esasynda berildi diýip, şol döwri gowy bilýän türkmen emeldarlary aýdýar. 


Türkmenistanyň ýakyn taryhynda ozalky daşary işler ministrleriniň üçüsi, Abdy Kulyýew, Boris Şyhmyradow we Batyr Berdiýew S.Nyýazowyň hökümetine garşy oppozisiýa geçdi.


Olaryň birinjisi Oslada, bosgunlykda aradan çykdy, beýleki ikisi öňki prezidentiň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş boýunça uzak möhletli türmä basyldy.


Şeýle-de, türkmen diplomatlarynyň bir topary ýurtdan gaçyp, öz işlän daşary ýurtlarynda gaçybatalga aldy.


Şu aralykda, koronowirus aladalary daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň işgärleriniň başga ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen türkmen raýatlaryna garaşylýan kömek-ýardamy bermeýändigi barada öňden aýdylyp gelýän zatlara has kän ünsi çekdi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus