Мы в Telegram
Добавить новость

В округе Люберцы демонтирован незаконный торговый павильон

В Петербурге чиновника лишили водительских прав за пьяное ДТП

Более 3 млн руб. заработали художники в секциях АКИ на маркетах и ярмарках современного искусства

Два подмосковных проекта стали победителями конкурса спортпроектов «Ты в игре»



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Türkmenistanyň COVID-19 garşy göreşi üçin maliýe kömegini artdyrýar, türkmen-eýran serhediniň açylmagy yza süýşýär

ABŞ Türkmenistanyň COVID-19 garşy göreşi üçin maliýe kömegini artdyrýar, türkmen-eýran serhediniň açylmagy yza süýşýär

ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda COVID-19 keseliniň öňüni alyş çäreleri üçin goşmaça 500 müň amerikan dollaryny çykardy. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtynda 1-nji iýunda çap bolan maglumata görä, halkara ösüş boýunça USAID fondunyň çykaran ýarym million dollar möçberindäki pul bilen bilelikde ABŞ-nyň Türkmenistanda COVID-19 keseliniň profilaktikasy boýunça tagallalaryna beren maliýe kömeginiň umumy möçberi 1 million 420 müň amerikan dollaryna barabar bolar.

Bu pul infeksiýalaryň howpy we profilaktikasy barada mekdepleri hem beýleki edaralary maglumat bilen üpjün etmek boýunça çäreler üçin niýetlenýär.  

Aprel aýynda ABŞ Türkmenistana COVID-19 keselinden goranmak üçin 920 müň amerikan dollaryny çykarandygy habar berlipdi. Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň resmi maglumatynda soňky 20 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň türkmen hökümeti bilen hyzmatdaşlygy üçin ikitaraplaýyn we regional programmalaryna 207 million amerikan dollaryny sarp edendigi we şondan 21 million dollaryň saglygy saklaýyş programmalaryna gönükdirilendigi aýdylýar.

 

 

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19 keseliniň düýpden ýokdugyny aýdyp gelýär. Şol bir wagtda-da türkmen häkimiýetleri BSG-niň infeksiýanyň öňüni almak boýunça esasy rekomendasiýalaryny, şol sanda adamlary keseliň ýokaşmagyndan halas etmek üçin sosial aralygy saklamak we maska dakynmak ýaly arassaçylyk şertleri bilen üpjün etmän gelýär. Türkmen hökümeti ilatyň arasynda koronawirus barlaglarynyň geçirilmegi we olaryň netijeleri barada resmi maglumatlary köpçüligiň dykgatyna ýetirmeýär.   

Türkmenistan COVID-19 keseline garşy resmi çäreleriniň çäginde mart aýynda halkara uçar gatnawyny ýatyrypdy we serhetlerini ýapyp, ýük gatnawyny bes edipdi. 

Häzirki wagtda Aşgabatdaky habarçylarymyz "Türkmenhowaýollarynyň" uçar biletlerini satyp başlandygyny habar berýärler.

"Тürkmenhowaýollary daşary ýurtlara uçar biletlerini satmagyny dowam etdirýär, bu tomusa biletler bir eýýäm satylyp gutardy. Indi ýylyň aýagyna çenli we indiki ýyla satýarlar. Emma onuň [kompaniýanyň] işgärleri öz tanyşlaryna bilet satyn almazlygy gizlin maslahat berýärler we uçar gatnawynyň 24-nji dekabra çenli bolmajagyny duýdurýarlar. Olar biletleriň girdeji almak üçin satylýandygyny düşündirýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. 

 

"Türkmenhowaýollary" bilet satuwyna başlandygyny resmi taýdan yglan etmändi. Kompaniýanyň websaýtynda onlaýn bilet satyn almak üçin göz öňünde tutulan salgy işlemeýär. Kompaniýanyň COVID-19 bilen baglylykda 15-nji maýda çap eden soňky informasiýasynda halkara uçarlaryň 2020-nji ýylyň 20-nji iýunyna çenli ýatyrylandygy habar berilýär.

Mundan öň Turkmen.News neşri Türkiýäniň howaýollarynyň Türkmenistana uçar biletlerini satyp başlandygyny 13-nji maýda habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň we garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramazlygy boýunça alnyp barylýan çäreler esasan gadagançylyk häsiýetine eýe bolýar. Soňky aýlarda ilatyň ýurt içinde hereket etmegi berk çäklendirildi.  Saglygy saklaýyş edaralarynda hassalaryň bejergi almak mümkinçiligi kemeldi, häzir tomus möwsüminde dynç almak üçin mümkinçilikler azaldy. 

«Türkmenistanyň Hronikasy» neşri şu ýyl Aşgabatdaky mekdeplerde çagalaryň tomus aýlarynda dynç almagy üçin niýetlenen ýörite toparlaryň işlemejegini 1-nji iýunda habar berdi. Maglumata görä, bu barada ene-atalara maýyň aýagynda habar berlipdir. Çagalaryň kitap okamagy, oýnamagy, sport bilen meşgullanmagy we teatra gatnamagy üçin niýetlenýän mekdep toparlarynyň işlemejeginiň sebäpleri düşündirilmändir. 

Bu barada döwlet habar beriş serişdelerinde habar berilmedi. 

 

Bu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň käbir keselhanalarynda welaýat ýaşaýjylarynyň saglygyny bejermek mümkinçiligini çäklendirýän täze talaplaryň girizilendigini habar berýär. Habarçymyzyň sözlerine görä, Nyýazow adyndaky keselhana welaýat ýaşaýjylaryny olaryň ýaşaýan ýeriniň keselhanasyndan resminamasy bolmadyk ýagdaýynda kabul etmeýär.  

"22 maýdan başlap ýagdaý üýtgedi, hassanyň ýaşaýan ýerinden hassahanadan resmi salgysy bolmaly. Muny almak üçin adamlar ýaşaýan ýerinde ähli lukmanlardan geçmeli. Bu ortaça 50 manada durýar. Bu maddy ýagdaýy bomadyk adamlar üçin esli pul. Üstesine, bu täze talapdan bihabar bolan maýyp çagaly ene-atalar kynlyk bilen uzak ýoly geçip, paýtagta gelensoň biderek gelendigini we möwsümleýin bejergi üçin kabul edilmejegini bilip galýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Paýtagtyň keselhanalarynda welaýatly hassalary kabul etmek düzgünlerindäki üýtgeşiklik we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş elýeterli däl. Mundan öň Azatlygyň habarçylary ýurduň saglygy saklaýyş edaralarynyň hassalardan boşadylyp, COVID-19 keseli bilen näsaglanlar üçin ýerleriň taýýarlanýandygyny habar beripdi.

31-nji maýda Türkmenistanyň Eýran bilen serhedini açmak planlarynyň yza tesdirilýändigi mälim boldy. Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň IRNA agentligine aýtmagyna görä, ýurtlaryň arasyndaky demirýol we awtomobil serhetleri 10-njy iýunda açylar. Eýran resmisiniň sözlerine görä, açylyş möhletiniň yza süýşmegine awtomobil we demirýol transportyny dezinfeksiýa etmek boýunça işler sebäp bolupdyr. Bu barada «Türkmenistanyň Hronikasy» neşri habar berýär.  

27-nji maýda eýran resmileri eýran-türkmen serhedini 1-nji iýunda açmak planlaryny yglan edipdi. Türkmenistanyň resmileri bu mesele barada habar bermändi.  

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Ru24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Ru24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Ru24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Ru24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

УЛЁТНОЕ ВИДЕО С УЛЁТНЫМИ ЖИВОТНЫМИ!

Baza: мальчик получил сотрясение мозга в результате ДТП с самокатчиками в Москве

Жителям 8 округов Подмосковья рассказали о модернизации коммунальной инфраструктуры

Фигурант дела о взятке замглавы Минобороны РФ Иванова обжаловал арест

Музыкальные новости

Собянин: Москва завершает переход на новый стандарт экстренной медпомощи

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Расплата за расточительство! ФК «Оренбург» на домашнем поле уступил ФК «Динамо» (Москва) – 1:2

МФК «Динамо Пушкино» вошел в топ-8 команд Всероссийского футбольного турнира «Кубок Казани»

Новости России

«Марафон погодной красоты»: появились кадры раскатов грозовой молнии в Москве

УЛЁТНОЕ ВИДЕО С УЛЁТНЫМИ ЖИВОТНЫМИ!

Фигурант дела о взятке замглавы Минобороны РФ Иванова обжаловал арест

Жителям 8 округов Подмосковья рассказали о модернизации коммунальной инфраструктуры

Экология в России и мире

5 лучших бьюти-средств для тела на весну

Авиабилеты со скидкой 50%: до окончания распродажи крупнейшей частной авиакомпании России осталось несколько часов. А вы успели?

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

585*ЗОЛОТОЙ» дарит украшения за установку мобильного приложения

Спорт в России и мире

Кто отец Дианы Джокович?

Медведев остался лучшим среди россиян в обновлённом рейтинге ATP, Рублёв — восьмой

Соболенко: я предпочитаю смотреть мужской теннис, а не женский

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде

Moscow.media

Новый транспортный хаб начали строить Казахстан, РФ и Китай

На флоте бабочек не ловят

Тихий вечер...

Военные следователи провели в Судаке проверку лиц, не вставших на воинский учет











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Фигурант дела о взятке замглавы Минобороны РФ Иванова обжаловал арест

Гость Севастополя приговорён к обязательным работам за осквернение памятника Великой Отечественной войны

Жителям 8 округов Подмосковья рассказали о модернизации коммунальной инфраструктуры

Baza: мальчик получил сотрясение мозга в результате ДТП с самокатчиками в Москве