Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Moskwa COVID-19 bilen bagly çäklendirmeleri gowşadýar, Braziliýa gyzgyn nokada öwrülýär

Orsýetiň paýtagtynda 1-nji iýunda koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň gowşadylmagyndan soň söwda merkezleriniň, parklaryň we kiçi biznes kärhanalaryň işläp başlamagyna garaşylýar. 


Moskwadaky çäklendirmeleriň gowşadylmagy prezident Wladimir Putiniň 405 müň adama ýokaşan we 4700 adamyň ölümine sebäp bolan koronawirus infeksiýasynyň iň güýçli pursadyndan geçendigini yglan etmeginiň yzýany başlandy. 


Şäher ýaşaýjylary dükanda gysga wagtlyk söwda etmek, daşarda itini gezdirmek ýa-da rugsat haty esasynda işe gitmek üçin rugsatsyz köçä çykyp biler.


Şol bir wagtda-da, Moskwanyň häkimiýetleri restoranlaryň, kafeleriň we kinoteatrlaryň häzirlikçe ýapyk durjagyny we karantin düzgüniň möhleti dolýança 14-nji iýuna çenli köpçülikleýin üýşmeleňlere rugsat bermejegini aýdýarlar. 


Dünýäniň ençeme şäherinde bolşy ýaly Moskwadaky çäklendirmeler mart aýynda başlandy. Käbir moskwalylar öz öýlerini terk etmek mümkinçiligini makullan bolsalar, ençemesi günde täze kesellän 9 müň adamyň hasaba alynýan wagtynda çäklendirmeleriň gowşadylmagyny sosial mediada ýaňsy aldylar.


Dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 6.1 million adamdan aşdy. Braziliýa kesellänleriň sany boýunça dünýäde ikinji ýere çykdy. Bu ýurtda kesellän 515 adam hasaba alyndy, ýogalanlaryň sany 29 müňden geçdi. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus